Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 2:20 - Mukaddes Kitap

20 Şol gün adamlar özleriniň sežde etmek üçin ýasan altyn-kümüş butlaryny körsyçanlaryň, ýarganatlaryň öňüne oklarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Шол гүн адамлар өзлериниң сежде этмек үчин ясан алтын-күмүш бутларыны көрсычанларың, ярганатларың өңүне окларлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 2:20
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şondan soň olar öz keseki hudaýlaryny we gulakhalkalaryny Ýakuba berdiler. Ýakup olary Şekemiň golaýyndaky dub agajynyň aşagynda gizledi.


Agtarmagyň öz wagty bar, ýitirmegiň öz wagty, saklamagyň öz wagty bar, zyňmagyň öz wagty.


Jeza güni, uzakdan betbagtçylyk gelende, näme ederkäňiz? Kimden kömek sorarkaňyz, nireden jaý taparkaňyz baýlygyňyza?


Özleriniň guran gurbanlyk sypalaryna bakmazlar, elleri bilen ýasan Aşera butlaryna, tütetgi sypalaryna seretmezler.


Onsoň kümüş bilen örtülen butlaryňyzy, altyna gaplanan heýkelleriňizi haram saýarsyňyz; olary haram esgi hökmünde taşlarsyňyz, siz olara: «Güm boluň!» diýersiňiz.


Şol gün her kes, günä üçin öz eli bilen ýasan altyndyr kümüş butlaryny ret eder.


Butumy? Ony bir hünärment guýýar, zergär ony altyna gaplaýar, onuň üçin kümüş zynjyr ýasaýar.


Bel hudaýy dyza çökýär, Nebo hudaýy egilýär, heýkelleri öküzlere ýüklenýär; daşaýan zatlaryňyz agyr ýük deý, ýadaw haýwanlara ýüklenilýär;


Altyny torbadan guýýanlar, kümşi terezide çekýänler bir zergäri hakyna tutýarlar, ol-da olardan bir hudaý ýasaýar; olar ýere ýüzin düşüp, oňa sežde edýärler.


Munuň üçin ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Toba ediň we butlaryňyzdan el çekiň, ähli nejis işleriňizden ýüz öwrüň.


Onsoň üstüňize tämiz suwdan seperin, siz tämiz bolarsyňyz; sizi ähli haramlygyňyzdan, ähli butlaryňyzdan tämizlärin.


Kümüşleri köçelere taşlanar, altynlary murdar hasaplanar. Altyn-kümüş olara günä etdirýän büdreme daşyna öwrüldi. Şonuň üçin Rebbiň gazap gününde olary altyn-kümüşleri halas etmez, açlykdan gutarmaz ýa-da garynlaryny doýurmaz.


Olar dolanyp, Meniň saýamda ýaşarlar. Bugdaý kimin bol bolarlar. Üzüm ýaly güllärler. Olaryň ysy Liwan şeraby ýaly bolar.


Reb olaryň ýüreklerini ýarar! Ol dünýäniň ähli hudaýlaryny ýok eder, öz ýaşaýan ýurdunda her millet Rebbe sežde eder.


Şonda daglara: „Biziň depämize iniň!“, depelere: „Bizi örtüň!“ diýerler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ