Jübüt-jübüt atlylar gelýär, ine, öz söweş arabalaryny tirkäp. „Ýykyldy, Babyl ýykyldy; onuň but-hudaýlary ýere ýazyldy, owradyldy“» diýip jogap berdi ol.
Şeýdip, Ýakubyň etmişi ötüler, günäsiniň ötülmeginiň doly miwesi şu bolar: Gurbanlyk sypalarynyň ähli daşlary hek daşlary deý owradylanda, ne Aşera butlary, ne-de tütetgi sypalary galar.
Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men butlary-da ýok ederin, Memfisdäki biderek heýkelleri aýryp taşlaryn. Gaýdyp Müsür ýurdunda hökümdar bolmaz. Müsür ýurduna gorky salaryn.
Mundan beýläk özlerini butlary bilen, ýigrenji zatlary bilen ýa-da her dürli jenaýatlary bilen haram etmezler; Men olary eden ähli dönükliginden halas ederin, tämizlärin. Şeýlelikde, olar Meniň halkym bolarlar, Men hem olaryň Hudaýy bolaryn.
Nirede ýaşasaňyz hem galalaryňyz weýran bolar, seždegähleriňiz haraba döner. Şonuň üçin gurbanlyk sypalaryňyz döwlüp ýykylsyn, butlaryňyz parçalanyp, ýer bilen ýegsan bolsun, ýakymly ysly tütetgi ýakýan sypalaryňyz ýok edilsin we el işleriňizden hiç zat galmasyn.
«Ähli butlary bölek-bölek ediler, haram gazançlarynyň bary oda ýakylar, butlarynyň baryny ýok ederin, çünki bulary loly gazanjy bilen toplady. Olar ýene-de loly gazanjyna öwrüler» diýýär Reb.
Şol gün Men ýurtdan butlaryň atlaryny öçürip taşlaryn. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Mundan beýläk olar ýatlanylmaz. Ýalan pygamberleri-de, erbet ruhy-da ýurtdan çykararyn.