17 Ynsan men-menligi, hem gedemligi peseldiler, şol gün diňe Reb beýgeldiler.
17 Ынсан мен-менлиги, хем гедемлиги песелдилер, шол гүн диңе Реб бейгелдилер.
Çünki Rebbe bil baglaýar patyşa, Beýik Hudaýyň sadyk söýgüsi arkaly ol sarsdyrylmaz.
Ybraýym Hudaýynyň halkyna goşulmak üçin, halklaryň asylzadalary ýygnanyşdylar; çünki tutuş ýeriň şalary Hudaýyňkydyr; Ol belende galdyrylandyr.
Men dünýäni ýamanlygy üçin, etmişleri üçin jezalandyraryn erbetleri; tekepbirleriň gedemliginiň soňuna çykaryn, zalymlaryň ulumsylygyny peselderin.
Halkyň gedem bakyşlary peseldiler, ynsan tekepbirligi egler, şol gün diňe Reb beýgeldiler.
Tarşyş gämileriniň baryny, owadan gaýyklaryň hemmesini ýok eder.
Butlar bütinleý ýok ediler.
Reb size merhemet etjek bolup garaşýar, ýokarda size rehim etmäge häzir, çünki Reb adalat Hudaýydyr; Oňa intizarlar nähili bagtly!
Emma Hökmürowan Reb adalatlylykda beýgeldiler, Mukaddes Hudaý dogrulykda Öz mukaddesligini görkezer.