Näme üçin gelenimde, hiç kim ýokdy? Näme üçin çagyranymda, hiç kim jogap bermedi? Sizi azat etmäge gysgamy golum? Ýa sizi halas etmäge Mende güýç ýokmy? Öz käýinjim bilen deňzi guradýaryn, derýalary çöle öwürýärin; balyklar suwsuzlykdan porsaýarlar, teşnelikden ölýärler.
Men derýalary guradaryn, ýurdy ýaramaz adamlara sataryn; ýurdy we onuň içindäkileriň baryny gelmişekleriň eli bilen weýran ederin. Muny Men-Reb aýtdym».
Reb jebir deňzinden geçirer, deňiz tolkunlaryny köşeşdirer. Niliň düýpsüz çuňluklary gurar, Aşuryň tekepbirligi çöker, Müsüriň şalyk hasasy elinden gider.