Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 19:24 - Mukaddes Kitap

24 Şol gün Ysraýyl Müsür bilen Aşuryň ýanynda üçünji ýurt bolar. Olaryň üsti bilen dünýä ýalkanar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Шол гүн Ысрайыл Мүсүр билен Ашурың янында үчүнҗи юрт болар. Оларың үсти билен дүнйә ялканар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 19:24
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Senden beýik millet ýaradyp, Men seni ýalkaryn, adyňy arşa götererin, başgalar sen arkaly ýalkanarlar biri-birlerine pata bererler.


Şol gün Müsürden Aşura uly ýol bolar. Aşurlylar Müsüre gelerler, müsürliler-de Aşura giderler. Müsürliler aşurlar bilen bile ybadat ederler.


Hökmürowan Reb: «Halkym Müsür, Öz elimiň işi bolan Aşur we mirasym Ysraýyl ýalkansyn!» diýip, olara ak pata berer.


Şol gün uly surnaý çalnar; Aşur ýurdunda heläk bolanlar, Müsüre sürgün edilenler gelip, Iýerusalimdäki mukaddes dagda Rebbe ybadat ederler.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, milletlere elim bilen yşarat ederin, halklara baýdagymy galdyraryn; olar ogullaryňy gujaklarynda getirerler, gyzlaryňy gerişlerinde götererler.


Ol: «Ýakubyň tirelerini täzeden dikeltmek üçin, ysraýylyň goralyp saklananlaryny yzyna getirmek üçin bendäm bolmagyň ýeterlik däldir, seni milletlere nur ederin, seniň üstüň bilen ýeriň aňry çägine çenli halas ederin» diýýär.


halkyň ondan biri galsa-da, ýurt ýene-de ýakylar. Emma dagdan ýa-da dub çapylanda kökleriniň galyşy kimin, mukaddes nesil-de ýurtda kök kimin bolar».


Başga biri ýaşamaz olaryň guranynda, başga biri iýmez olaryň ekenin. Çünki halkymyň ömri daragtyňky deý uzak bolar. Saýlanlarym öz elleriniň işlerinden lezzet alar.


Reb şeýle diýýär: «Üzüm heniz şirelikä, kimdir biri: „Ony zaýalama, bereket şondadyr“ diýýär. Men-de bendelerimiň hatyrasyna şeýle ederin, olaryň hemmesini heläklemerin.


Reb şeýle diýýär: «Men abadançylygy derýa dek, milletleriň baýlygyny daşgyn çeşme dek oňa ugrukdyraryn, ol sizi emdirip, elinde göterer, aýagynda yralar.


Men olara we dagymyň töweregindäki ýerlere bereket indererin; ýagşy öz möwsüminde ýagdyraryn, ol ýagyşlar bereket ýagyşlary bolar.


Eý, ýahudalar hem ysraýyllar, siz halklar arasynda nälete öwrüldiňiz. Indi Men sizi halas ederin, siz ýalkanyş bolarsyňyz. Gorkmaň, gollaryňyz kuwwatly bolsun!»


Keseki milletlere aýanlyk berjek, halkyň ysraýyly şöhratlandyrjak nury gördüm».


Hawa, olar muny göwünjeňlik bilen etdiler, aslynda olar şeýle-de etmelidiler. Çünki ýahudy imanlylar başga halklar bilen öz ruhy patalaryny paýlaşdylar. Şoňa görä-de, başga halklar hem öz gezeginde olara maddy mätäçliklerinde kömek bermäge borçludyrlar.


Hawa, Isa Mesih bularyň baryny Ybraýyma berlen ýalkanyşyň Özi arkaly başga milletlere hem ýaýramagy üçin, iman arkaly wada berlen Mukaddes Ruhy alyp bilmegimiz üçin etdi.


Onuň halky bilen şatlanyň, eý, halklar! Çünki Ol gullarynyň ganynyň öjüni alar. Duşmanlaryndan aryny alar, Öz halkynyň ýurduny päklär, olary günäsinden saplar».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ