Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 19:20 - Mukaddes Kitap

20 Bu Müsür topragynda Hökmürowan Rebbe alamat we şaýat bolar. Olar zulumdarlary zerarly Rebbe perýat edenlerinde, Reb müsürlilere bir halasgär hem goragçy ýollap, olary halas eder.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Бу Мүсүр топрагында Хөкмүрован Реббе аламат ве шаят болар. Олар зулумдарлары зерарлы Реббе перят эденлеринде, Реб мүсүрлилере бир халасгәр хем горагчы ёллап, олары халас эдер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 19:20
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonda Seniň ýollaryňy bitabynlara öwrederin men, günäkärler hem Saňa öwrüler.


Köp wagtyň geçmegi bilen Müsür patyşasy dünýäden ötdi. Ysraýyllar bolsa heniz hem gulçulykda ezilýändiklerinden nalap, kömek sorap perýat etdiler. Olaryň zulum astynda edýän ahy-nalasy Hudaýa baryp ýetdi.


Soňra Reb ýene-de: «Men halkymyň Müsürde çekýän jebir-sütemini, hakykatdan-da, gördüm, olaryň müsür hojaýynlaryndan ýaňa nalaýandyklaryny eşitdim. Men olaryň çekýän jebir-jepalaryny bilýärin.


Müsürlileri zalym hojaýynyň eline bererin, rehimsiz patyşa höküm sürer üstlerinden». Muny Hökmürowan Taňry Reb aýdýandyr.


Aşuryň patyşasy-da Müsüre utanç bolsun diýip, müsürlileri sürgün edip, efiopiýalylary ýesir alyp, ýaşlardyr garrylary ýalaňaç, aýakýalaň, otyrýerleri açyk halda äkider.


Rebbiň perişdesi gidip, aşurlylaryň düşelgesinde ýüz segsen bäş müň adamy öldürdi. Ertesi daňdan turup görseler, ol ýeri jesetden doly eken!


Men, diňe Men Rebdirin, Menden başga Halasgär ýokdur.


Men seniň Hudaýyň Reb, Ysraýylyň Mukaddesi, seniň Halasgäriň. Men saňa töleg hökmünde Müsüri, seniň ýeriňe Efiopiýany, Sebany berdim.


Hakykatdan-da, Özüni gizleýän Hudaý Sensiň, eý, Ysraýyl Hudaýy, eý, Halasgär!


Reb: «Indi bu ýerde nämäm bar?» diýýär. «Halkym biderek ýere äkidildi, hökümdarlary perýat edýärler. Adym uzakly gün harlanýar». Muny Reb aýdýandyr.


Tikenekli gyrymsy agajyň ýerine serwi, çitçiti ýerine nar biter; bu Rebbe şöhrat getirer, ölmez-ýitmez ebedi alamat bolar.


Milletleriň süýdüni emersiň, Sorarsyň şalaryň göwsün. Şonda sen Men Rebbiň Halasgäriňdigimi, Penakäriňdigimi, Ýakubyň Gudratly Hudaýydygymy bilersiň.


Ol: «Elbetde, olar Meniň halkym, Meni aldamajak ogullardyr» diýdi. Şeýdip, olaryň Halasgäri boldy.


Şu gün Dawudyň şäherinde siziň üçin Halasgär doguldy. Ol Rebbimiz Mesihdir.


Biz bu ýörelgä eýerip, ajaýyp umydymyz bolan beýik Hudaýymyz we Halasgärimiz Isa Mesihiň şan-şöhrat içinde göklerden inmegine garaşýarys.


Ekinleriňizi oran orakçylary aldap, iş hakyny bermediňiz, bu şol pullaryň perýadydyr. Orakçylaryň dady-perýady Hökmürowan Rebbiň gulagyna ýetdi.


Rubenler we gatlar gurbanlyk sypasyna «Subutnama» diýip at berdiler. Olar: «Çünki bu biziň aramyzda Rebbiň Hudaýdygynyň subutnamasydyr» diýdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ