Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 19:2 - Mukaddes Kitap

2 «Müsürlileri biri-birine garşy öjükdirerin, dogan doganyň garşysyna, goňşy goňşusynyň garşysyna, şäher şäheriň garşysyna, patyşalyk patyşalygyň garşysyna urşar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 «Мүсүрлилери бири-бирине гаршы өҗүкдирерин, доган доганың гаршысына, гоңшы гоңшусының гаршысына, шәхер шәхериң гаршысына, патышалык патышалыгың гаршысына уршар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 19:2
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Zimri ölenden soň, ysraýyl halky iki bölege bölündi. Halkyň ýarysy Ginatyň ogly Tibnini patyşa etjek bolup, onuň yzyna eýerdi, galan ýarysy bolsa Omrynyň yzyna eýerdi.


Bir millet beýleki millete garşy, bir şäher beýleki şähere garşy göreşdi. Hudaý olary her hili betbagtçylyk bilen howsala salypdy.


Ynsan ynsana, goňşy goňşusyna sütem eder, ýaşlar ýaşululary, garamaýak adamlar abraýly adamlary sylamazlar.


Efraýym bilen Manaşa biri-birini ýuwudarlar, bilelikde Ýahuda hüjüm ederler, sönmändi Rebbiň gazaby barybir, entek hem jeza bermäge taýyn eli.


Seniň utanjyňy milletler eşitdiler, ýer ýüzüne doldy dady-perýadyň. Iki urşujy biri-birine büdräp, ikisi-de birlikde ýere ýazyldy.


Ýurtda eşidiljek myş-myşlara ýüregiňiz tapdan düşmesin, gorkmaň. Bir ýyl bir habar geler, soňraky ýyl başga bir habar. Ýurtda zorluk höküm sürüp, bir şanyň başga bir şa garşydygy hakda gep-gürrüňler ýaýrar.


Ähli daglarymda gylyjy Goguň üstüne çozmaga çagyraryn Hökmürowan Reb diýýär her adamyň gylyjy öz doganyna garşy bolar.


Şol günlerden öň ynsan üçinem, haýwan üçinem paç alynmazdy, gelýän-gidýänem üçin duşmandan ýaňa rahatlyk ýokdy, sebäbi Men adamlary biri-biriniň garşysyna öjükdiripdim.


Dogan doganyny, ata çagasyny ölüme tabşyrar. Çagalar hem ene-atalaryna garşy çykyp, olary öldürderler.


Adamyň duşmany öz içerisindäkiler bolar.


Emma Isa olaryň pikirlerini bilip, şeýle diýdi: «Içinde bölünişik bolan patyşalyk dargar, öz içinden bölünen şäher ýa-da öý berk durup bilmez.


Millet millete, patyşalyk patyşalyga garşy çykar. Aýry-aýry ýerlerde ýer titremeler, açlyklar ýüze çykar.


Bir patyşalygyň içinde bölünişik bolsa, ol patyşalyk berk durup bilmez.


Üç ýüz adamyň surnaý çalan wagtyndan başlap, Rebbiň emri bilen düşelgedäki midýanlar biri-birini gylyçlap öldürdiler. Midýanlaryň goşuny Serera tarap Beýtşitta çenli, Tabadyň golaýyndaky Abelmeholanyň serhedine gaçdy.


Hudaýyň emri bilen Şekemiň ilaty Abymelegiň garşysyna gidip başlady.


Şawulyň benýamin topragyndaky Gibga galasynda goýan gözegçileri piliştlileriň düşelgesinde turan başagaýlygy gördüler.


Soňra Şawul we onuň adamlary toplanyşyp gitdiler-de, piliştliler bilen garpyşdylar. Çendenaşa aljyraňňylyga düşen piliştliler biri-birlerine gylyç salýardylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ