Işaýa 19:19 - Mukaddes Kitap19 Şol gün Müsüriň ortarasynda Rebbe gurbanlyk sypasy, serhedinde bolsa bir sütün dikiler. အခန်းကိုကြည့်ပါ။Мукаддес Китап19 Шол гүн Мүсүриң ортарасында Реббе гурбанлык сыпасы, серхединде болса бир сүтүн дикилер. အခန်းကိုကြည့်ပါ။ |
Emma bu siz bilen biziň we soňky nesillerimiziň arasynda subutnama bolmagy üçindir. Munda biz öz ýakma gurbanlyklarymyz, mal sadakalarymyzy we salamatlyk gurbanlyklarymyzy bermek bilen Rebbiň öňündäki borçlarymyzy Onuň huzurynda ýerine ýetireris. Wagt gelende, siziň nesilleriňiz biziň nesillerimize: „Siziň Rebde paýyňyz ýok“ diýip, hiç haçan aýdyp bilmezler.
Şeýle hem, biz belli bir netijä geldik, haçan hem bolsa bir wagt olar bize we biziň nesillerimize şeýle diýäýseler, biz olara: „Ata-babalarymyzyň Rebbe guran bu gurbanlyk sypasynyň nusgasyna serediň, bu ýakma gurbanlygy ýa-da mal sadakasy üçin däl-de, siz bilen biziň aramyzda subutnama bolmagy üçindir“ diýeris.