Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 19:18 - Mukaddes Kitap

18 Şol gün Müsürde bäş şäher kengan dilinde gepläp, Hökmürowan Rebden ant içerler. Olaryň biri Heläkçilik Şäheri diýip atlandyrylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Шол гүн Мүсүрде бәш шәхер кенган дилинде гепләп, Хөкмүрован Ребден ант ичерлер. Оларың бири Хеләкчилик Шәхери дийип атландырылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 19:18
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Tutuş ýer ýüzünde bir dil, birmeňzeş sözler bardy.


Men nagmada Hudaýyň adyny öwjek, Ony şükürler bilen arşa çykarjak.


Şol gün Aşurdan, Müsürden, Patrosdan, Efiopiýadan, Eýlamdan, Şingardan, Hamatdan we adalarda aman galan halkyny yzyna getirmek üçin, Taňry ikinji gezek elini uzadar.


Emma Reb Ýakubyň nesline rehim eder, Ysraýyly ýene saýlar we olary öz ýurdunda ornaşdyrar. Kesekiler olara goşulyp, ysraýyl halkyna birleşerler.


Şol gün Müsüriň ortarasynda Rebbe gurbanlyk sypasy, serhedinde bolsa bir sütün dikiler.


Reb Özüni müsürlilere tanadar. Şol gün müsürliler Rebbi tanarlar. Olar gurbanlyklarydyr galla sadakalary bilen Rebbe ybadat ederler; olar Rebbe wada berip, ony berjaý ederler.


Halkyň gedem bakyşlary peseldiler, ynsan tekepbirligi egler, şol gün diňe Reb beýgeldiler.


Şol gün uly surnaý çalnar; Aşur ýurdunda heläk bolanlar, Müsüre sürgün edilenler gelip, Iýerusalimdäki mukaddes dagda Rebbe ybadat ederler.


Ýurtda özüne ak pata beren, hakykat Hudaýynyň adyndan pata berer; ýurtda ant içen, hakykat Hudaýyndan ant içer. Öňki hasratlar unudylyp, gözlerimden gizlener».


Halkyma Bagalyň adyndan ant içmegi öwredişleri ýaly, özleri-de halkymyň ýollaryny yhlas bilen öwrenip: „Rebden ant içýärin“ diýip, Meniň adymdan ant içmegi öwrenseler, onda olar-da halkymyň arasynda ornaşarlar.


Men şonda hemmeleriň Maňa ybadat edip, agzybirlik bilen Maňa gulluk ederleri ýaly, milletlere päk dil bererin.


Şol gün köp halklar Men-Rebbe bil baglarlar we Meniň halkym bolarlar. Men siziň araňyzda mekan tutaryn». Şonda ýanyňyza meni Hökmürowan Rebbiň iberendigini bilersiňiz.


Hudaýyňyz Rebden gorkuň, diňe Oňa gulluk ediň, Oňa bil baglaň, Onuň ady bilen ant içiň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ