Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 19:1 - Mukaddes Kitap

1 Müsür baradaky pygamberlik: Ine, ýyldam buluda atlanyp, Müsüre gelýär Reb, Müsür butlary titreşerler, müsürlileriň ýürekleri ýarylar huzurynda Onuň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Мүсүр барадакы пыгамберлик: Ине, йылдам булуда атланып, Мүсүре гелйәр Реб, Мүсүр бутлары титрешерлер, мүсүрлилериң йүреклери ярылар хузурында Онуң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 19:1
36 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rebbiň mukaddes ady bilen magtanyň; Ony agtarýanlaryň ýüregi şatlykdan dolsun.


Ol buýurdy: çekirtgeler, san-sajaksyz ganat baglamadyk çekirtgeler hüjüm eýledi.


Rebbiň buýruklary dogrudyr, olar ýüregi şatlandyrýar. Rebbiň tabşyryklary aýdyňdyr, olar gözleri nurlandyrýar.


Men öz perýadymdan halys ýadadym, gurap galdy meniň damagym; Hudaýyma garaşa-garaşa gözüm küteldi.


Şol gije Men Müsüriň içine aýlanyp, müsürlileriň ähli nowbahar ogullaryny, adamlaryndan tä mallaryna çenli ilkinji doglan erkeklerini öldürerin. Men Müsüriň ähli hudaýlarynyň üstünden höküm çykararyn. Men Rebdirin.


Babyl hakda Amozyň ogly Işaýa aýanlyk arkaly gelen pygamberlik:


Munuň üçin eller gowşar, her ynsanyň ýüregi ýarylar.


Şol gün müsürliler aýal ýaly bolup, Hökmürowan Rebbiň özlerine garşy el galdyrar gorkusyndan ýaňa titreşerler.


Jübüt-jübüt atlylar gelýär, ine, öz söweş arabalaryny tirkäp. „Ýykyldy, Babyl ýykyldy; onuň but-hudaýlary ýere ýazyldy, owradyldy“» diýip jogap berdi ol.


Başga-da Müsür patyşasy faraona, onuň emeldarlaryna, ýolbaşçylaryna, tutuş halkyna;


Ine, duşman bulut kimin gelýär, söweş arabalary harasat kimindir. Onuň atlary bürgütden ýyldamdyr. Dat günümize, biz weýran bolduk!


Näme üçin ornaşmaga barýan ýurduňyz bolan Müsürde başga hudaýlara tütetgi ýakyp, öz eden işleriňiz bilen Meniň gaharymy getirýärsiňiz? Siz öz başyňyzdan betbagtlyk inderip, dünýäniň ähli milletleriniň arasynda özüňizi nälete we utanja sezewar edersiňiz.


«Milletler arasynda yglan ediň, olara eşitdiriň, bir baýdak dikiň. Hiç zady gizlemän, şuny jar ediň: „Babyl basylyp alyndy, Bel hudaýy utanja galdy, Merodak hudaýy bölek-bölek edildi. Onuň heýkelleri masgara boldy, nejis butlary parçalandy“.


Babyl hudaýy Beli jezalandyraryn, ýuwudanyny gusduraryn, milletler gaýdyp oňa tarap eňmezler, Babylyň diwary ýykylar.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men butlary-da ýok ederin, Memfisdäki biderek heýkelleri aýryp taşlaryn. Gaýdyp Müsür ýurdunda hökümdar bolmaz. Müsür ýurduna gorky salaryn.


Weýran bolar Müsür, döner çöllüge Edom, çünki olar ýahuda halkyna etdiler sütem; boýadylar topraklaryny bigünä gana.


Ninewe şäheri hakyndaky pygamberlik; elkoşly Nahum özüne gelen aýanlygy ýazyp aldy.


Reb giň göwünli we gudratlydyr, Ol ýazyklyny jezasyz goýmaz. Rebbiň ýoly tupanly we gaýlydyr, bulutlar Onuň aýak tozudyr.


Reb jebir deňzinden geçirer, deňiz tolkunlaryny köşeşdirer. Niliň düýpsüz çuňluklary gurar, Aşuryň tekepbirligi çöker, Müsüriň şalyk hasasy elinden gider.


Eger Müsür nesli hem gidip, şuny berjaý etmese, Reb olara-da Çatma baýramyny bellemäge gitmedik halklaryň başyndan inderen belasyny inderer.


Ol wagt müsürliler Rebbiň gyran nowbahar ogullaryny jaýlaýardylar. Reb hatda olaryň hudaýlaryny-da jezalandyrypdy.


«Eý, Ýeşurun, saňa kömek etmek üçin asmandan uçýan, bulutlar arasyndan gudrat görkezýän, seniň Hudaýyňa taý geljek ýokdur.


Bulary eşidenimizde, ýüregimiz bükgüldedi, sizden gorkymyz sebäpli bizde ysgyn-mydar galmady. Siziň Hudaýyňyz Reb gökde hem, ýerde hem Hudaýdyr.


Olar Ýeşuwa: «Dogrudan-da, Reb tutuş ýurdy biziň elimize beripdir. Ol ýerde ýaşaýan ähli halk biz sebäpli dowla düşýär» diýdiler.


we olara şeýle diýdi: «Rebbiň bu ýurdy size berendigini men bilýärin. Bizi gorky gurşap aldy we bu ýeriň ähli ilaty siz sebäpli dowla düşdi.


Ine, Ol bulutlaryň arasy bilen gelýär! Ony hemmeler, hatda Ony deşim-deşim edenler hem görer. Dünýäniň ähli halklary Ol sebäpli aglarlar. Bu dogrudan-da şeýle bolar! Omyn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ