Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 18:4 - Mukaddes Kitap

4 Reb maňa şeýle diýdi: «Günüň howurly yssysy dek, hasyl wagtyndaky çygly bulut dek, mesgenimden ümsüm serederin».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Реб маңа шейле дийди: «Гүнүң ховурлы ыссысы дек, хасыл вагтындакы чыглы булут дек, месгенимден үмсүм середерин».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 18:4
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

daň şapagy ýalydyr, aýdyň asmanda dogan Gün ýaly, otlaryň ýagyşdan soňky ýalkymydyr“.


Öz ysraýyl halkyň we men guluň şu ýere tarap bakyp dileg edenimizde, guluňyň, halkyň Ysraýylyň nalyşlaryny eşit. Öz gökdäki mesgeniňden eşit-de, bizi bagyşla.


Şoňa görä tekepbirlikleri boýunlaryny monjuk kimin bezeýär, zulum olary eginbaş kimin büreýär.


Patyşanyň gazaby arslan nagrasy kimindir, onuň razylygy bolsa otlaryň üstüniň çygy ýalydyr.


Eý, Sion halky, heşelle kak, gygyr! Araňyzdaky Ysraýylyň Mukaddesi beýikdir!»


Milletiň çaparlaryna näme jogap berler? Reb Siony bina etdi, Halkynyň mätäçleri onda pena taparlar.


Şol wagt ýurtlary derýalar bilen bölünýän, uzyn boýly, owadan bedenli millet, her ýana gorky saçan halk, haýbatly hem basybalyjy millet, Hökmürowan Rebbe, Hökmürowan Rebbiň adyny goýan ýere, Sion dagyna sowgatlar getirer.


Emma ölüleriň ýaşar, jesetler direler. Eý, toprak astynda ýatanlar, oýanyň, şatlykdan aýdym aýdyň! Çygyň ertiriň çygy kimindir, toprakdaky merhumlar ýaşaýşa ýeter.


Ine, Reb dünýäniň ähli ilatyna etmişleri üçin jeza bermäge Öz mekanyndan çykyp gelýär; ýer üstüne dökülen gany äşgär eder, öldürilenlerini ýaşyrmaz indi.


Gorkudan ýaňa ýykylar olaryň gaýasy, serkerdeleri baýdagy görüp titreşerler». Muny ody Sionda, ojagy Iýerusalimde bolan Reb aýdýandyr.


Men halas etmek üçin ýakyn gelýärin, uzakda däldirin, uzak eglemerin halas edişimi, Siony halas ederin, Ysraýyla şöhratymy bererin.


Beýik hem belent Bolan, ebedi Ýaşaýan, ady Mukaddes Bolan şeýle diýýär: «Men beýik, mukaddes ýerde ýaşaýaryn, pesgöwünlileriň ruhuny janlandyrmak üçin, ezilenleriň ýüreklerini janlandyrmak üçin, ezilenler we kiçigöwünliler bilen biledirin.


«Olaryň biwepalygyna melhem ederin. Men olary çäksiz söýerin. Çünki Meniň gazabym olardan sowuldy.


Olar günälerini boýun alyp, Meniň huzurymy ýürekden agtarýançalar, hasratly ýagdaýda meni yzlaýançalar, Men öz mekanyma giderin».


«Şonda Men Beýik Hudaýyňyzyň mukaddes dagym Sionda mesgen tutandygymy bilersiňiz. Iýerusalim hem mukaddes bolar, kesekiler ony basyp almaz hiç haçan.


Hakykatdan-da Hökmürowan Reb syryny gullary pygamberlere aýan etmezden hiç zat etmez.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ