Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 18:2 - Mukaddes Kitap

2 Ol Nil derýasynyň üsti bilen gamyş gämilerinde ilçilerini ýollaýar. Eý, ýyldam çaparlar, ýurtlary derýalar bilen bölünýän, uzyn boýly, owadan bedenli millete, her ýana gorky saçan halka, haýbatly hem basybalyjy millete gidiň!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Ол Нил дерясының үсти билен гамыш гәмилеринде илчилерини ёллаяр. Эй, йылдам чапарлар, юртлары дерялар билен бөлүнйән, узын бойлы, овадан беденли миллете, хер яна горкы сачан халка, хайбатлы хем басыбалыҗы миллете гидиң!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 18:2
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Efiopiýaly Zera müňlerçe esgeri we üç ýüz söweş arabasy bilen Asa garşy çykyp, Mareşa çenli geldi.


Efiopiýalylar we liwiýalylar biçak köp söweş arabaly we sansyz-sajaksyz söweş arabaly esgerleri bolan goşun dälmidi? Emma Rebbe bil baglandygyňyz üçin, Reb olary siziň eliňize berdi.


Gamyşdan edilen gaýyk deý, awuna okdurylýan bürgüt deý gaýyp barýar.


Ol aýal çagasyny mundan artyk gizlin saklap bilmejekdigine göz ýetirip, onuň üçin gamyşdan örülen sebet aldy-da, onuň daşyny suw geçmez ýaly şepbik bilen örtdi. Ol çagany şol sebediň içinde ýatyryp, ony derýanyň gyrasyndaky suwda ösüp oturan gamyşlaryň arasynda ýerleşdirdi.


Şol wagt ýurtlary derýalar bilen bölünýän, uzyn boýly, owadan bedenli millet, her ýana gorky saçan halk, haýbatly hem basybalyjy millet, Hökmürowan Rebbe, Hökmürowan Rebbiň adyny goýan ýere, Sion dagyna sowgatlar getirer.


Men Rebden bir habar eşitdim, milletler arasyna çapar ýollandy: «Edoma çozmak üçin toplanyň, söweşe aýaga galyň».


Ol gün gaýgy-gamsyz ýaşaýan efioplary gorkuzmak üçin gämiler bilen habarçylar ýollaryn. Müsüriň jebir-jepaly döwründäki ýaly, olara hem howp aralaşar, ine, ol gün ýetip gelýär».


Abadýa gelen aýanlyk: Hökmürowan Reb Edom barada şeýle diýdi: «Milletlere wekiliň iberilendigine habar geldi. Rebden gelen wekiliň: „Turuň, Edoma garşy söweşe çykalyň!“ diýen habaryny eşitdik.


Aýylganç hem gorkunçdyrlar, öz düzgünlerine görä hereket edýärler.


Men size ýylanlary, içýanlary we duşmanyň ähli güýjüni depelemäge ygtyýar berdim, hiç zat size zeper ýetirmez.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ