Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 18:1 - Mukaddes Kitap

1 Efiopiýa derýalarynyň aňyrsynda ganatlaryny pasyrdadýan ýurduň dat gününe!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Эфиопия деряларының аңырсында ганатларыны пасырдадян юрдуң дат гүнүне!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 18:1
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Patyşa Efiopiýa patyşasy Tirhakanyň özi bilen uruşmaga çykandygyny eşidip, ol Hizkiýanyň ýanyna çaparlar ýollady.


Şonda zemin çaýkandy hem endiredi, daglar binýatlary sarsyp, lerzana geldi, sebäbi Reb gazaba mündi.


Ümsüm bol Rebbiň öňünde, Oňa sabyrly garaş, ýoly rowaç betniýete höwesli bakma.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Heläk etme» äheňinde aýdylýan. Dawudyň miktamy.


Ýalňyz bir ynsana garşy çykýar köpsanly duşman: olaryň bary meni öldürmegi niýet edinýär, men olar üçin gyşaran diwar, çagşan haýat dek.


Olar jenaýat etmegi niýet edinýär, olar: «Birkemsiz hile-pirim düzdük, ynsanyň kalbyny bilip bolmaýar» diýip, biri-birine aýdýar.


Medet sorap, Müsüre gidýänleriň, atlara daýanýanlaryň, köpdükleri üçin söweş arabalaryna, güýçlüdikleri üçin atlylara bil baglaýanlaryň dat gününe! Olar Ysraýylyň Mukaddesine ýüz tutmaýarlar, Rebden maslahat soramaýarlar.


Patyşa Efiopiýa patyşasy Tirhakanyň özi bilen uruşmaga çykandygyny eşidende, ol Hizkiýanyň ýanyna çaparlar ýollady.


Reb şeýle diýýär: «Müsüriň baýlygy, Efiopiýa söwdasy, uzyn boýly sabalylar saňa gelerler, seniňki bolar. Gandally gullar ýanyňa gelip, seniň yzyňa eýererler, saňa tagzym edip ýalbararlar: „Hudaý diňe seniň bilendir, başgasy ýokdur; Ondan başga hudaý ýokdur“».


Ol gün gaýgy-gamsyz ýaşaýan efioplary gorkuzmak üçin gämiler bilen habarçylar ýollaryn. Müsüriň jebir-jepaly döwründäki ýaly, olara hem howp aralaşar, ine, ol gün ýetip gelýär».


Reb: «Eý, Efiopiýa halky, senem Meniň gylyjymdan ölersiň» diýýär.


Dagynyk bolup, Maňa sygynan halkym Efiopiýa derýasynyň aňry tarapyndan Maňa sadaka getirer.


Eý, Iýerusalim! Pygamberleri öldürýän, özüne ýollananlary daşlaýan Iýerusalim! Towugyň öz jüýjelerini ganatlarynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, Men hem seniň çagalaryňy ençeme gezek ýygnajak boldum, emma siz muny islemediňiz.


Eden ýagşylyklaryň Rebden gaýtsyn! Seniň pena tapynan Rebbiň, Ysraýyl Hudaýy sylagyňy bersin!» diýip jogap berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ