Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 17:6 - Mukaddes Kitap

6 Zeýtun agajynyň miwesi kakylyp alnandan soň, depesinde iki-üç zeýtunyň galyşy deý, şahalarynyň uçlarynda dört-bäşisiniň galyşy deý, diňe birazy aman galdyrylar. Muny Ysraýyl Hudaýy Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Зейтун агаҗының мивеси какылып алнандан соң, депесинде ики-үч зейтуның галышы дей, шахаларының учларында дөрт-бәшисиниң галышы дей, диңе биразы аман галдырылар. Муны Ысрайыл Худайы Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 17:6
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men Ysraýylda Bagal butuna sežde etmedik, ony öpmedik ýedi müň adamy aman galdyraryn».


Eger Hökmürowan Reb birnäçämizi aman galdyrmadyk bolsady, Sodom ýaly bolardyk, Gomora meňzärdik.


Halkyň Ysraýyl deňiz ýakasyndaky çäge deý köp bolsa-da, onuň diňe aman galanlary Hudaýa dolanarlar. Karar edilen heläkçilik dogrulyk bilen amala aşyrylar.


Zeýtun agajy kakylanda, hasyl ýygylandan soň, artyp galan üzümler bilen näme edilýän bolsa, dünýädäki milletler bilen-de şeýle bolar.


Şol gün Reb Ýewfrat derýasyndan Müsür derýasyna çenli sizi harman döwegi deý ýenjer, ysraýyllary ýeke-ýekeden toplar.


Munuň üçin Reb şeýle diýýär: «Tutuş ýurt haraba döner, ýöne Men onuň bütinleý soňuna çykmaryn.


Ruhumy ysraýyl halkynyň üstüne dökerin we indi hiç haçan ýüzümi olardan gizlemerin». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


«Seniň içiňe ogrular girdimi ýa gijeki talaňçylar? Ogrular diňe özüne geregini ogurlamazlarmy? Eger üzüm bagyňa girseler, saňa-da miweden galdyrmazlarmy? Emma sen nähili weýran bolduň!


Dat günüme meniň! Çünki men tomus miwesiniň, üzümiň galan-gaçanynyň ýygnalyşy kimindirin; ýekeje salkym ýok iýer ýaly; injiriň ilki miwesini küýseýär göwnüm!


Çünki tutuş ysraýyl halky hut şeýle halas ediler. Mukaddes Ýazgylarda hem şeýle ýazylgydyr: «Men Ýakup nesliniň günälerini bagyşlanymda, olar bilen edýän ähtim, ine, şudur: Siondan Halasgär geler, Ol Ýakup neslinden hudaýsyzlygy aýrar».


Işaýa pygamber hem Ysraýyl barada şuny jar etdi: «Ysraýyl halky deňiz ýakasyndaky çäge deý köp bolsa-da, diňe birnäçesi halas bolarlar.


Reb sizi başga halklaryň arasyna dargadyp goýberer. Rebbiň ýol görkezjek milletleriniň arasynda galjaklaryňyzyň sany gaty az bolar.


Gidegon olara: «Siziň bitiren işiňiziň ýanynda meniňki dagy näme? Efraýym Abygezeriň ýygnan üzüminden köp ýygyp, özüni bagtly hasaplamanmydy näme?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ