Arnon jülgesiniň gyrasyndaky Aroger galasyndan başlap (jülgäniň özündäki gala hem degişlidir), tä Gilgada barýança, biziň üçin ýekeje-de berk gala ýokdy. Hudaýymyz Reb olaryň hemmesini biziň elimize berdi.
«Men şol wagtky basyp alan ýerimizi paýladym. Men ruben we gat tirelerine Arnon jülgesiniň çetindäki Arogeriň demirgazygyny, şeýle hem Gilgat daglygynyň ýarysyny onuň galalary bilen bile berdim.