Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 17:14 - Mukaddes Kitap

14 Agşamara, ine, howp! Säherden öň ol ýok bolýar. Bizi tozdurýanlaryň paýy, bizi talaýanlaryň kysmaty şudur.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Агшамара, ине, ховп! Сәхерден өң ол ёк боляр. Бизи тоздурянларың пайы, бизи талаянларың кысматы шудур.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 17:14
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar Işaýa pygambere şeýle diýdiler: «Hizkiýa patyşa şeýle diýýär: „Şu gün biz hasrat, jeza we ryswalyk astyndadyrys; biziň ýagdaýymyz dünýä injek bolup duran balasyny dogurmaga mejaly galmadyk aýalyňky ýalydyr.


Edil şol gije Rebbiň perişdesi gidip, aşurlylaryň düşelgesinde ýüz segsen bäş müň adamy öldürdi. Ertesi daňdan turup görseler, ol ýeri jesetden doly eken!


Ine, şudur pisleriň Hudaýdan aljak paýy, Hudaýyň olara beren mirasy».


Çünki olaryň tarapyny Reb tutar, olary talany Ol talar.


Ine, biraz wagtdan gaharym ýatyşar, gazabym aşurlylary heläk etmäge gönüger.


«Daň atyp barýar, ýöne entek gije. Ýene sorajak bolsaňyz soraň, soňra öwrülip geliň» diýýär gözegçi.


Ariýele azap çekdirerin, ýas tutar, perýat eder ol, Meniň üçin gurbanlyk ojagy kimin bolar.


Duşmanlaryňyň köpüsi toz dek bolar, zalymlaryň sowrulan saman çöpi deýindir. Birdenkä, duýdansyz,


Ariýele garşy söweşýän ähli milletler, onuň we galalarynyň garşysyna söweşýänler, ony gysýanlar düýş kimin, gijeki görnüş kimin bolarlar.


Onuň demi joşup, kekirdege ýetýän çeşme kimindir, milletleri heläkçilik eleginden geçirer, halklaryň agzynda ýoldan azaşdyrýan agyzzyryk bolar.


Özi weýran edilmän, weýran edýäniň, özüne dönüklik edilmän, dönüklik edýäniň dat gününe! Weýran edeniňden soň, özüňi-de weýran ederler; dönüklik etmegi bes edeniňde, saňa-da dönüklik ediler.


Pikiriňde öňki howply günler barada oýlanarsyň: «Salgyt toplan nirede? Paç ýygnan nirede? Diňleri sanan nirede?»


Olar üçin bije atdy, Öz eli bilen ýurdy ölçäp paýlady, Olar ony baky eýelärler, ol ýerde ýaşarlar nesiller boýy.


Duşmanlaryňyzy tapyp bilmersiňiz agtararsyňyz-da, hiç zatça bolman ýogalyp giderler size garşy çykýanlar.


Seniň nesibäň, saňa ölçäp beren paýym budur. Muny Men – Reb aýdýandyryn, çünki sen Meni unutdyň, ýalana bil bagladyň.


Ysraýyl Reb üçin mukaddes halkdyr, Onuň hasylynyň ilkinji miwesidir. Ondan iýenleriň ählisi ýazykly bolup, üstlerinden betbagtlyk indi“. Muny Reb aýdýandyr.


Emma Ysawy çuw ýalaňaç edip, Men eşigini sypyraryn, onuň gizlin ýerini äşgär ederin, ol özüni gizläp bilmez. Onuň tohum-tiji, dogan-garyndaşlary, goňşulary heläk bolar, özi-de ýok bolar.


Oduny meýdandan daşamazlar, tokaýlary çapmazlar. Olar ody ýaraglar bilen ýakarlar; özlerini talanlary talarlar, soýanlary soýarlar. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Reb mukaddes toprakda Öz paýy hökmünde Ýahudany mülk edip alar we ýene Iýerusalimi saýlar.


Goý, seniň duşmanlaryň hemmesi şeýdip ýok bolsun, ýa Rebbim! Seni söýýänler bar güýji bilen şöhle saçýan Gün ýaly güýçli bolsun!» Şondan soň ýurt kyrk ýyllap parahat ýaşady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ