Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 17:13 - Mukaddes Kitap

13 Milletler güýçli tolkunlaryň uwlaýşy dek uwlaşarlar, emma Ol olara käýär, daglardaky şemala uçýan çöp-çalam deý, uzaklara gaçarlar olar, tüweleýiň öňündäki togalanýan toz deý togalanarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Миллетлер гүйчли толкунларың увлайшы дек увлашарлар, эмма Ол олара кәйәр, даглардакы шемала учян чөп-чалам дей, узаклара гачарлар олар, түвелейиң өңүндәки тогаланян тоз дей тогаланарлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 17:13
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Haçan olar ýele sowrulýan saman ýaly, tüweleý öňündäki saman çöpi ýaly boldular?


Deňze: „Şu ýere çenli akyp, mundan aňryk geçmersiň, güýçli tolkunlaryň şu ýerde togtasyn!“ diýdim.


Erbetler bolsa beýle däldir, olar ýeliň sowran harpygy ýalydyr.


Düşeginde ýamanlyk etmegiň ýollaryny oýlaýar, bet ýola düşýär, ony asla ýigrenç saýmaýar.


Ol kuwwaty arkaly höküm sürýär ebedi, milletlere garaýar Onuň gözleri; goý, pitneçiler baş galdyrmasyn. Sela


Eý, halklar, Hudaýymyza alkyşlar aýdyň; Oňa aýdýan alkyşlaryňyz ýaňlansyn.


Çünki Sen adalatly alyp bardyň dawamy, Sen tagtda oturyp, çykardyň dogry karary.


Aşurlylary Öz ýurdumda syndyraryn, daglarymda olary aýak astyna alaryn; olaryň boýuntyrygy halkymdan aýrylar, ýükleri halkymyň gerdeninden düşüriler».


Olar gylyçdan gaçdylar, syrylan gylyçdan, çekilen ýaýdan, agyr söweşden gaçdylar.


aýlap-aýlap, top kimin bir giň ýurda taşlar. Sen ol ýerde ölersiň. Ajaýyp söweş arabalaryň ol ýerde galar. Öz jenabyňyň öýüni biabraý eden sensiň.


Şol gün Reb gazaply, haýbatly, gudratly gylyç bilen gaçýan, towlanýan ýylan Liwýatany – deňiz aždarhasyny jezalandyrar.


Duşmanlaryňyň köpüsi toz dek bolar, zalymlaryň sowrulan saman çöpi deýindir. Birdenkä, duýdansyz,


Onuň demi joşup, kekirdege ýetýän çeşme kimindir, milletleri heläkçilik eleginden geçirer, halklaryň agzynda ýoldan azaşdyrýan agyzzyryk bolar.


Olar üçin bije atdy, Öz eli bilen ýurdy ölçäp paýlady, Olar ony baky eýelärler, ol ýerde ýaşarlar nesiller boýy.


Ine, milletler ýagyş damjasy kimin, terezilerdäki toz kimin saýylýar, Ol adalary toz deýin äkidýär.


Olar ekilip, sepilip, baldaklary ýere zordan kök uran dessine, Reb demini üfleýär, olar guraýarlar, harasat olary saman dek sowurýar.


Size garşy gazaplanýanlaryň ählisi utandyrylar, ile ryswa ediler. Hiç zat dek ýogalyp giderler size garşy çykýanlar.


Şonuň üçin Reb Ýewfrat derýasynyň güýçli sil suwlaryny, Aşur patyşasyny we onuň şöhratyny bu halkyň üstüne getirer. Ol onuň ähli jarlaryndan aşyp, bütin kenarlaryna dolar.


Soňra demir, toýun, bürünç, kümüş we altyn harman jaýdaky saman ýaly kül-peýekun boldular. Şemal olary pytradyp taşlanda, olaryň yzy-sory galmady. Emma heýkele urlan daş beýik daga öwrülip, bütin ýer ýüzüni doldurdy.


Şonuň üçin olar säherki ümür ýaly, basym guraýan çyg ýaly, harmandan sowrulýan harpyk dek, tüýnükden çykýan tüsse ýaly boljaklar.


Saman külkesi dek sowrulmazyňdan öň, Rebbiň gahar-gazaby üstüňize inmezden öň, Rebbiň gazaply güni gelmezden öň toplan!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ