Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 17:12 - Mukaddes Kitap

12 Betbagtçylyk! Köp milletleriň güwwüldisi! Deňziň güwwüldisi deý güwleýär olar! Ah! Halklaryň güwwüldisi! Güýçli tolkunlar deý güwwüldeşýärler!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Бетбагтчылык! Көп миллетлериң гүввүлдиси! Деңзиң гүввүлдиси дей гүвлейәр олар! Ах! Халкларың гүввүлдиси! Гүйчли толкунлар дей гүввүлдешйәрлер!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 17:12
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ne gep bar, ne-de bir gürrüň, eşidilmeýär sesi olaryň.


Ýa Reb, Hudaýym, Saňa dat-perýat etdim, Sen hem maňa şypaňy berdiň.


Eý, Hökmürowan Reb! Seniň mesgeniň neneňsi eziz!


Daglardaky gykylyga gulak goýuň, bu köp halklaryň sesine meňzeýär! Bir ýere ýygnanyşýan milletleriň, patyşalyklaryň göçgünli sesini diňläň! Hökmürowan Reb söweşe goşun toplaýar.


Adalaty ölçeg ýüpi, dogrulygy terezi ederin; doly ýagyp ýalançylyk penasyny süpürip äkider, suwlar basar gaçybatalgany.


Seniň garşyňa ýasalan ýarag derde ýaramaz, hökümde garşyňa çykýan her dili aýyplarsyň. Rebbiň bendeleriniň mirasy şudur, Men olary aklaryn». Muny Reb aýdýandyr.


Eý, milletler, gidiň, urşuň, ýöne siz gyrlarsyňyz! Gulak goýuň, eý, uzakdaky ähli ýurtlar! Billeriňizi guşaň, ýöne gorkuň! Billeriňizi guşaň, ýöne siz gyrlarsyňyz!


Söweşdäki esgerleriň ädikleri, ähli gana bulaşan eşikleri, oda taşlanyp ýakylar.


Olar ýaýdyr naýza bilen ýaraglanan, özleri-de rehimsiz hem zalymdyrlar. Sesleri deňiz ýaly güwwüldeýär. Eý, Sion gyzy! Olar atlara atlanyp, bir adam ýaly söweşe taýýarlanyp, seniň garşyňa nyzama durdular».


Ine, gündogar tarapdan Ysraýyl Hudaýynyň şöhraty geldi. Onuň sesi güýçli akýan suwlaryň şaggyldysy ýalydy. Onuň şöhratyndan ýer nur saçýardy.


Ol şeýle gürrüň berdi: «Men gije bir görnüş gördüm, ine, gögüň dört şemalynyň beýik deňze tarap tolkun atýandygyny gördüm.


Indi köp milletler Saňa garşy birleşip: «Goý, Sion haram bolsun, muny öz gözümiz bilen göreli!» diýişýärler.


Her sapar Äht sandygy ýola düşende, Musa şeýle diýerdi: «Galkyn, eý, Reb! Goý, duşmanlaryň dargasyn, seni ýigrenýänler Seniň öňüňden gaçsyn».


Günde, Aýda we ýyldyzlarda alamatlar peýda bolar. Ýer ýüzünde milletler deňiz hem tolkunlaryň gürrüldisi zerarly başagaý bolup, galagopluga düşerler.


Eli käseli ýedi perişdäniň biri gelip, maňa şeýle diýdi: «Gel, men saňa köp suwlaryň üstünden hökmürowanlyk ýöredýän uly lolynyň jezasyny görkezeýin.


Perişde maňa ýene şeýle diýdi: «Lolynyň hökmürowanlyk sürýän köp suwlary her milletden, her halkdan, her dilden bolan ägirt mähelläni aňladýandyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ