Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 16:9 - Mukaddes Kitap

9 Şonuň üçin Ýazer agysy bilen Sibmanyň üzümçilikleri üçin aglaryn men; gözýaşym bilen suwararyn sizi, eý, Heşbon we Elgala! Çünki tomus miweleriň, hasyl ýygnalýan döwründäki şagalaň şowhunyňyz kesildi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Шонуң үчин Язер агысы билен Сибманың үзүмчиликлери үчин агларын мен; гөзяшым билен суварарын сизи, эй, Хешбон ве Элгала! Чүнки томус мивелериң, хасыл йыгналян дөврүндәки шагалаң шовхуныңыз кесилди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 16:9
8 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Milleti köpeltdiň Sen, artdyrdyň olaryň şatlygyn, hasylda şatlanyşlary deý, Seniň öňüňde guwanýarlar, olja paýlaşýan deý galkynyşýarlar.


Men bolsam bu ýere geljek babyllylaryň öňünde size wekilçilik eder ýaly, Mispada galjak. Emma siz miweler ýygyp, şerap, ýag ýygnaň. Olary ammaryňyzda goýuň-da, eýelän şäherleriňizde ýaşaberiň».


Ýahudalaryň ählisi dargadylan ýerlerinden yzlaryna dolandylar. Olar Ýahuda ýurduna, Mispada ýaşaýan Gedalýanyň ýanyna geldiler. Gaty köp miwe ýygnap, bolelin şerap öndürdiler.


Seniň üçin saçlaryny syryp, jul geýnerler, janhowluna hasrat bilen zar-zar aglap, dady-perýat ederler.


«Eý, ynsan ogly! Müsür goşuny hakda dady-perýat et, ony we güýçli milletleriň gyzlaryny ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde ýeriň teýine inder.


Olar meýdana çykyp, öz üzümlerini ýygdylar. Üzüm ýenjilýän sokuda ýenjip, sykyp suwuny aldylar. Baýram etdiler, öz hudaýlaryna sežde etdiler. Iýip-içip, Abymelegi näletlediler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ