Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 16:6 - Mukaddes Kitap

6 Mowabyň tekepbirligi, onuň hetdenaşa gedemligi, men-menligi, ulumsylygy, gazaby barada eşitdik; boş ýere öwünýär ol.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Мовабың текепбирлиги, онуң хетденаша гедемлиги, мен-менлиги, улумсылыгы, газабы барада эшитдик; бош ере өвүнйәр ол.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 16:6
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Çendenaşa bihaýa iş edýän gedem hem tekepbir adamyň ady masgaralaýjydyr.


Mowap hakyndaky pygamberlik: Hakykatdan Mowabyň Ar şäheri bir gijede harabalyga öwrülýär, Mowap weýran boldy! Hakykatdan Mowabyň Kir şäheri bir gijede harabalyga öwrülýär, Mowap weýran boldy!


Halkyň gedem bakyşlary peseldiler, ynsan tekepbirligi egler, şol gün diňe Reb beýgeldiler.


Rebbiň eli bu dagda bolar, dersli çukurda samanyň depelenişi kimin mowaplylar-da öz ýerlerinde basgylanar.


Ýüzüjiniň ýüzjek bolup, ellerini galgadyşy kimin, olar-da onuň içinde ellerini galgadarlar; emma Hudaý elleriniň ussatlygyna garamazdan, olaryň tekepbirlerini peselder.


Siz: «Biz ölüm bilen äht edişdik, ylalaşyk baglaşdyk ölüler dünýäsi bilen; uly betbagtçylyk inende ýurda, geçip gider, bize ýetmez, çünki biz ýalançylygy pena edindik, galplyk içinde gizlendik» diýdiňiz.


Ölüm bilen eden ähtiňiz ýatyrylar, Gabyr bilen baglaşan ylalaşygyňyz puja çykar; uly betbagtçylyk gelende, ýer bilen ýegsan bolarsyňyz.


galp pygamberleriň alamatlaryny puja çykarýan, palçylary akmak edýän, akyldarlara zarba berip, bilýänlerini samsyklyga öwürýän,


Siz nädip: „Biz edermen hem güýçli urşujydyrys“ diýip bilýärsiňiz?


Ony serhoş ediň, sebäbi ol Rebbe tekepbirlik etdi. Mowap öz gusugynda togalanar, ol ile masgara bolar.


Mowap Rebbe garşy baş galdyrandygy üçin, halk bolmakdan mahrum bolar.


Galp pygamberleriň depesinden gylyç insin! Olar akmak bolarlar. Urşujylarynyň depesinden gylyç insin! Olar tapdan düşerler.


Reb şeýle diýýär: «Men Mowaby günä üstüne günä edendigi üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki ol Edom şasynyň süňküni ýakyp küle öwürdi.


Eý, ýaşlar, siz hem ýaşululara tabyn boluň. Hemmäňiz biri-biriňiz bilen pespäl boluň, sebäbi «Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ