Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 16:5 - Mukaddes Kitap

5 Tagt merhemet bilen berkidiler, sadyklyk bilen şalyk sürer Dawudyň nesillerinden biri, adalaty agtarýan hökümdar dogrulygy ýöreder.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Тагт мерхемет билен беркидилер, садыклык билен шалык сүрер Давудың несиллеринден бири, адалаты агтарян хөкүмдар догрулыгы йөредер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 16:5
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ysraýyl Hudaýy gepledi, Ysraýylyň Gaýasy maňa şeýle diýdi: „Halka adalatly häkimlik eden, Hudaýdan gorkup, halka baştutanlyk eden,


Dawut galany eýeledi we ony «Dawut galasy» diýip atlandyrdy. Ol Millodan başlap, galanyň tutuş töweregini täzeden gurdy.


Seniň nesliň hem şalygyň Meniň huzurymda baky berkarar bolar. Şalyk tagtyň baky dowam eder“».


Senden hoşal bolup, seni ysraýyl tagtynda oturdan Hudaýyň Rebbe alkyş bolsun! Reb Ysraýyly ebedilik söýensoň, adalaty we hakykaty berjaý etmegiň üçin seni patyşa etdi».


Hizkiýa bütin Ýahudada şeýle etdi. Ol Hudaýy Rebbiň öňünde oňat, dogry we hak iş etdi.


Çünki Sen beýiksiň, ajaýyp işleri edýän hem Sensiň, diňe Sensiň – ýeke-täk Hudaý.


Uzakly gün şatlanyp, begener ýaly, ir säherde sadyk söýgiň bilen bizi hoşwagt eýle.


Hudaýymyz Rebbi beýgeldiň, Onuň mukaddes dagynda siz sežde ediň. Mukaddesdir Hudaýymyz Reb!


Derwezelerinden giriň şükürler bilen, howlularyna – öwgüler bilen. Oňa şükür ediň, adyna alkyşlar aýdyň.


Sadyklyk we ynamdarlyk patyşany goraýar, onuň tagty sadyklykdan berkarar bolýar.


Patyşa ejizlere adalatly höküm çykarsa, onuň tagty ebedi berkarar bolar.


Reb biziň kazymyzdyr, biziň kanun çykaryjymyzdyr, Reb patyşamyzdyr, Ol bizi halas eder.


Ine, Men ony halklara şaýat, baştutan hem baş serkerde etdim.


Ähli halklar, milletler we uruglar oňa gulluk etsinler diýip, oňa hökümdarlyk, şöhrat we patyşalyk berildi. Onuň hökümdarlygy sowulmaz baky hökümdarlykdyr. Patyşalygy hiç wagt ýykylmajak patyşalykdyr».


Patyşalyk, hökümdarlyk, tutuş gögüň astyndaky patyşalyklaryň beýikligi Beýik Hudaýyň mukaddes adamlaryna berler. Bu halkyň patyşalygy ebedi patyşalyk bolar. Ähli hökümdarlar bu halka gulluk edip, boýun egerler».


Şol gün Men Dawudyň ýykylan çadyryny dikelderin, böwsülen böwürlerini bejererin, weýran bolan ýerlerini oňaryp, gadym döwürdäki ýaly ederin.


Agsaklary aman galdyraryn, uzaklara sürlenleri güýçli millet ederin. Şu günden tä ebedä çenli Sion dagynda Men – Reb olara hökümdarlyk ederin».


Şatlan, eý, Sion gyz, şatlan! Eý, Iýerusalim gyzy, belent owaz bilen gygyr! Ine, Patyşaň saňa tarap gelýär. Adyl hem ýeňijidir Ol! Ol bir eşege, eşegiň-de taýharyna münüp, pes göwünlilik bilen saňa gelýär.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ