Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 16:4 - Mukaddes Kitap

4 Mowapdan kowlanlar mesgen tutsun araňyzda; weýran edýänlerden olara pena boluň». Sütemkär ýok bolup, weýrançylyk soňlanar, talaňçylar ýitirim bolarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Мовапдан ковланлар месген тутсун араңызда; вейран эдйәнлерден олара пена болуң». Сүтемкәр ёк болуп, вейранчылык соңланар, талаңчылар йитирим боларлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 16:4
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Babyl patyşasyna şu tymsaly aýdarsyňyz: «Ine, zulumkeşiň soňy geldi! Onuň tekepbirligi tamam boldy!


Nimrim suwlary gurady; otlar soldy, täze ot gögermedi, gök öwüsýän zat galmady asla.


Rebbiň eli bu dagda bolar, dersli çukurda samanyň depelenişi kimin mowaplylar-da öz ýerlerinde basgylanar.


Özi weýran edilmän, weýran edýäniň, özüne dönüklik edilmän, dönüklik edýäniň dat gününe! Weýran edeniňden soň, özüňi-de weýran ederler; dönüklik etmegi bes edeniňde, saňa-da dönüklik ediler.


Saňa sütem edýänleriň özlerini özüne iýdirerin, täze şerap içen deý öz ganlaryndan serhoş bolarlar. Onsoň ähli ynsanlar Meniň Rebdigimi, seniň Halasgäriňdigimi, Penakäriňdigimi, Ýakubyň Gudratly Hudaýydygymy bilerler».


Sizi ýaradan, gökleri ýaýradan, ýeriň düýbüni tutan Rebbi unutdyňyz. Sizi ýok etmek niýetinde bolan zulumkäriň gazabyndan uzakly gün gorkýarsyňyz. Hany, zulumkäriň gazaby nirede?


Dogrulykda berkarar edilersiň, sütemden uzakda bolarsyň, gorkmarsyň; howp-hatardan daş bolarsyň, golaýlaşmaz saňa.


Çöregiňi aç bilen paýlaşyp, öýsüz garyby öýüňe getirmek üçin dälmi? Ýalaňajy görende, oňa eşik berip, garyndaşlaryňyzdan kömegiňizi gaýgyrmazlyk üçin dälmi?


Olaryň agyr boýuntyrygyny, gerişlerindäki serdessesini, sütemkeşleriniň hasasyny döwdüň midýanlaryň başyna getiren günüň dek.


„Eý, Dawudyň nesli! Reb şeýle diýýär: ‘Ertirine adalaty berjaý ediň, talanany zalymyň elinden halas ediň. Ýogsam pis işleriňiz zerarly gazabym ot kimin lowlap ýandyraýmasyn, ony hiç kim söndürip bilmez.


Mowapda, ammonlaryň arasynda, Edomda we başga ýurtlarda ýaşaýan ähli ýahudalar-da Babyl patyşasynyň Ýahuda ýurdunda bir topary aman galdyrandygyny, olaryň üstlerinden Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýany häkim belländigini eşitdiler.


Eý, Dibon galasynda ýaşaýan halk, şan-şöhratdan düş-de, gurak ýerde otur, çünki Mowaby weýran ediji seniň üstüňe çozup, galalaryňy weýran eder.


Rebbiň aýdyşy ýaly, ähli şähere heläkleýji döküler, bir şäher-de gutulmaz, jülge ýok bolar, düzlük berbat bolar.


Ýoluň çatrygynda durup, gaçan adamlary tutmaly däldiň. Hasrat gününde aman galanlary duşmana bermeli däldiň.


Söweş esgerleri deý bolar olar, depelärler duşmany köçeleriň palçygynda. Rebbiň özleri bilendigi üçin söweşip, olar atly goşuny uýada goýarlar.


Goragçy hökmünde Öz mekanymda düşlärin, ýeke adam hem eýläk-beýläk geçmez. Sütemkär aman galanlara aralaşmaz, çünki indi olara hut Özüm nazar salaryn.


Erbetleri basgylarsyňyz, çünki Meniň bellän günüm olar siziň aýaklaryňyzyň astynda kül bolar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Olar gylyçdan geçiriler, ýesir alnyp, ähli milletleriň arasyna sürgün ediler. Keseki milletler özleriniň möhleti dolýança, Iýerusalimi ýer bilen ýegsan ederler.


Parahatlygyň gözbaşy bolan Hudaý bolsa tiz wagtda şeýtany aýaklaryňyzyň astynda mynjyradar. Goý, Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti size ýar bolsun!


Isle ol öz ysraýyl doganyňyz bolsun, isle ýurduňdaky galalarda ýaşaýan gelmişek, garaz, garyp we mätäç günlükçiniň işlän hakyny tutup galmaň.


Emma ybadathananyň daşky howlusyny hasaba alma, ony ölçeme, sebäbi ol başga milletlere berlendir. Olar mukaddes şäheri kyrk iki aýlap depelär.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ