Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 16:3 - Mukaddes Kitap

3 «Maslahat ber, adalaty berjaý et. Günortan çagy gije kimin üstümize saýa sal. Kowulanlary gizle, gaçgaklary ele berme.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 «Маслахат бер, адалаты берҗай эт. Гүнортан чагы гиҗе кимин үстүмизе сая сал. Ковуланлары гизле, гачгаклары эле берме.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 16:3
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýagşylyk etmegi öwreniň, adalaty agtaryň, ezýet çekýäni halas ediň, ýetimi goraň, dul hatyna arka duruň».


Sen ýoksullara pena, mätäçlere mätäçliginde pena bolduň, tupandan goraýan gaçybatalga, yssydan goraýan kölege bolduň. Rehimsizleriň gaharly demi diwara urulýan tupan kimin,


Olaryň hersi ýelden buky, tupandan pena, gurak ýerde bulaklar, teşne ýurtdaky uly gaýanyň kölegesi dek bolar.


Ysraýylyň kowlanlaryny toplaýan Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men öýüme eýýäm toplananlardan beýlekilerini-de toplaryn».


Çöregiňi aç bilen paýlaşyp, öýsüz garyby öýüňe getirmek üçin dälmi? Ýalaňajy görende, oňa eşik berip, garyndaşlaryňyzdan kömegiňizi gaýgyrmazlyk üçin dälmi?


Biziň üçin bir çaga doguldy, bir ogul berildi bize, hökümdarlyk onuň gerşinde bolar; Onuň ady Ajaýyp Maslahatçy, Gudratly Hudaý, Ebedi Ata, Parahatlyk Şazadasy bolar.


„Eý, Dawudyň nesli! Reb şeýle diýýär: ‘Ertirine adalaty berjaý ediň, talanany zalymyň elinden halas ediň. Ýogsam pis işleriňiz zerarly gazabym ot kimin lowlap ýandyraýmasyn, ony hiç kim söndürip bilmez.


Reb şeýle diýýär: „Adalaty we dogruçyllygy berjaý ediň, ezileni zalymyň elinden halas ediň; gelmişege, ýetim bilen dul aýala azar bermäň, zorluk etmäň, bu ýerde nähak gan dökmäň.


Patyşa: «Bu patyşa paýtagty bolsun diýip, şan-şöhratym üçin öz gudratly güýjüm bilen guran beýik Babylym dälmi?» diýdi.


«Hökmürowan Reb şeýle diýdi: „Adalatly höküm çykaryň, biri-biriňizi söýüň we rehim-şepagatly boluň;


Sebäbi Men açdym – nan berdiňiz, teşnedim – suw berdiňiz, kesekidim – myhman aldyňyz,


Myhmansöýer boluň. Çünki myhmansöýer adamlaryň käbiri perişdeleriň kimdigini bilmezden olary myhman aldylar.


Tikenli agaç beýleki agaçlara bakyp: „Eger siz meniň, hakykatdan hem, özüňize patyşa bolmagymy isleýän bolsaňyz, onda meniň saýamda bukulyň. Eger şeýtmeseňiz, onda tikenli agaçdan ot çykyp, Liwanyň kedr agaçlaryny ýakyp-ýandyrar“ diýipdir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ