Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 16:12 - Mukaddes Kitap

12 Mowaplylar seždegählerine çykyp, özlerini tapdan düşürýärler; öz mukaddes ýerlerine dileg etmäge gidýärler, ýöne bu hiç peýda bermez.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Моваплылар сеждегәхлерине чыкып, өзлерини тапдан дүшүрйәрлер; өз мукаддес ерлерине дилег этмәге гидйәрлер, йөне бу хич пейда бермез.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 16:12
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra Süleýman Iýerusalimiň gündogaryndaky dagda Mowabyň nejis buty Kemoş we ammonlaryň hudaýy Molek üçin seždegäh gurdy.


Wagt öýleden agyp, agşam gurbanlygy hödürlenmeli wagta çenli, olar uly goh-galmagal bilen tans edip, pygamberlik eden boldular, ýöne ses-üýn bolmady, jogap beren-de bolmady.


Ata-babalarymyň derbi-dagyn eden galalarynyň: Gozanyň, Haranyň, Resepiň ilatyny, Telasarda bolan Eden halkyny öz hudaýlary ata-babalaryňyň elinden halas etdimi?


Onsoň Mowap patyşasy öz ornuna patyşa boljak nowbahar ogluny galanyň diwarynda ýakma gurbanlygy hökmünde hödürledi. Ysraýyla garşy gahar-gazap möwjedi. Şonuň üçin hem ysraýyllar Mowapdaky söweşi bes edip, öz ýurtlaryna dolandylar.


meni çagyrarsyňyz, ýöne men jogap bermerin. Meni ir ertirden agtararsyňyz, emma tapmarsyňyz.


Dibon halky aglamak üçin ybadathana, seždegählere çykýar; Mowap halky Nebo, Meýdeba üçin perýat edýär. Her kesiň başy takyrlanýar, her kesiň sakgaly syrylýar.


Bu Rebbiň Mowap hakynda geçmişde aýdan sözüdi.


Ýa Reb, hasrat içinde seni agtardylar, Senden temmi alanlarynda, pyşyrdap zordan dileg etdiler.


Sanherip öz hudaýy Nisrokyň buthanasynda oňa sežde edip durka, ogullary Adrammelek bilen Sareser kakalaryny gylyç bilen öldürdiler-de, Ararat ýurduna gaçyp gitdiler. Onsoň onuň ýerine ogly Esarhadon patyşa boldy.


Maslahatçylaryň köplüginden ýaňa ýadadyň. Goý, müneçjimler, her aý üçin täleýnama düzýänler, ör tursunlar-da, başyňa geljek zatlardan seni gutarsynlar indi.


Olaryň butlary ekin garantgasy ýaly, gepläp bilýän däldirler. Ýöräp bilmeýändikleri üçin olary göterip äkitmelidir. Olardan gorkmaň: Çünki olar ne ýamanlyk ederler, ne-de ýagşylyk».


Ysraýyl halky bil baglan Beýtelinden nähili utanan bolsa, Mowap-da öz hudaýy Kemoşdan utanar.


Men Mowapda seždegählerde gurbanlyk hödür edeni we öz hudaýlaryna tütetgi ýakany ýok ederin. Muny Reb aýdýandyr.


Dat günüňe, eý, Mowap! Kemoş halky ýok edildi, ogullaryň sürgün edildi, gyzlaryň ýesir alyndy.


Eý, Mowap, öz eden işleriň üçin, hazynaňa bil baglanyň üçin tutularsyň. Ruhanylary hem emeldarlary bilen Kemoş sürgün ediler.


Çünki Heşbondan ot, Sihonyň galasyndan ýalyn çykdy. Mowabyň Ar galasyny ýalyn gurşady, Arnon depelerini-de, ýuwutdy ol.


Onsoň Bilgam Ballak bilen ýola çykyp, Kirýathusota geldiler.


Ertesi gün Ballak Bilgamy alyp, ony Bamotbagala getirdi. Ol ýerden Bilgam ysraýyl halkynyň bir bölegini görüp bilýärdi.


Şeýdip, Ballak Bilgamy Zopym ýaýlasyna, Pisga dagynyň depesine alyp bardy. Ol ýerde ýedi sany gurbanlyk sypasyny gurup, olaryň hersiniň üstünde bir öküz bilen bir goçy gurbanlyk berdi.


Onsoň Ballak Bilgamy alyp, çöle bakyp duran Pegor dagynyň depesine getirdi.


Men ony görýän, ýöne häzir däl, oňa bakýan, ýöne ýakyn däl. Ýakubyň neslinden ýyldyz dörär. Ysraýyldan bir şalyk hasasy göterilip, Mowabyň maňlaýyny ýarar, Şisleriň başyny mynjyradar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ