Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 16:11 - Mukaddes Kitap

11 Şol sebäpden ýüregim Mowap üçin, Kalbym Kirharaset üçin lira dek nala çekýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Шол себәпден йүрегим Мовап үчин, Калбым Кирхарасет үчин лира дек нала чекйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 16:11
10 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýüregim Mowap üçin nalyş edýär, gaçgaklary Sogara, Eglat Şelişiýa gaçýarlar. Olar aglaşyp, Luhutyň ýokarsyna çykýarlar. Weýrançylykdan perýat çekýärler Horonaýym ýolunda.


Munuň üçin sanjy tutdy bilimden, dogurýan aýalyň burgusy dek, burgular tutdy meni; eşidýänlerimden ýaňa iki büküldim, görýänlerimden ýaňa gorky gaplady.


Göklerden seret, Öz mukaddes, şöhratly mesgeniňden bize nazar sal. Yhlasyň, gudratyň nirede Seniň? Merhemetiň, rehimiň nirede? Olary bizden sakladyň.


Efraýym Meniň eziz oglum dälmidir? Ol Meniň hoşal bolan balam dälmidir? Onuň adyny agzan çagymda, ony söýgi bilen ýatlaýaryn Men. Şonuň üçin ýüregim ony küýseýär, oňa, elbetde, rehim ederin. Muny Reb aýdýandyr.


Wah janym, wah janym! Agyryma çydamok! Wah, kalbymyň aýnasy! Ýüregim hasrat çekýär, ümsüm bolup bilemok, çünki sen, eý, janym, eşitdiň surnaý sesin, söweş nagrasyn.


Şol sebäpli Mowap üçin ahy-nala çekerin, bütin Mowaba dady-perýat ederin, Kirharaset halky üçin ýas tutaryn.


Bu sebäpden ýüregim Mowap üçin gargy tüýdük kimin ahy-nala çekýär. Kirharaset halkynyň gazanan baýlyklary dargady, şonuň üçin hem ýüregim tüýdük kimin iňleýär.


Seret, ýa Reb, nähili ejir çekýän, içim ýanýar, ýüregim çat açýar, çünki Saňa garşy baş galdyrdym. Daşarda gylyç gyrýar, içerde ölüm höküm sürýär.


Eý, Efraýym, Men senden nädip el çekeýin? Seni nädip terk edeýin, eý, Ysraýyl? Adma galasynda bolanlary saňa nädip bereýin? Seboýym galasyna edenimi saňa-da edeýinmi? Kalbymda ýüregim gobsundy. Meniň mährim ýylady.


Şunlukda, eger Mesih bilen bolmaklyk sizi ruhlandyrýan bolsa, Onuň söýgüsinden teselli tapýan bolsaňyz, Mukaddes Ruh bilen ýakyn gatnaşyk saklaýan bolsaňyz, rehim-şepagatyňyz we duýgudaşlygyňyz bar bolsa,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ