Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 16:10 - Mukaddes Kitap

10 Şatlyk hem begenç aýryldy hasylly baglardan; üzümçiliklerde ne aýdym aýdylýar, ne-de heşelle kakylýar; üzüm sykýançy üzüm sykmaýar, kesdim olaryň şagalaň şowhunyny.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Шатлык хем бегенч айрылды хасыллы баглардан; үзүмчиликлерде не айдым айдыляр, не-де хешелле какыляр; үзүм сыкянчы үзүм сыкмаяр, кесдим оларың шагалаң шовхуныны.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 16:10
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Daşlaryň arasynda ýag üçin zeýtuny ýençýärler, şerap üçin üzüm sykýarlar, emma özleri teşnedir.


Köçelerde şerap üçin nalaşýarlar, şatlykdan nam-nyşan galmady, begenç dünýäni terk etdi.


Eý, özlerine buýsanýan aýallar, bir ýyldan soňra titreşersiňiz, çünki üzüm hasyl bermez, miwe ýygymy bolmaz.


Mowabyň bol miweli baglaryndan, ekin meýdanlaryndan şatlyk we begenç zym-zyýat boldy. Üzüm sokusyndan akýan şeraby kesdim. Hiç kim şowhun bilen üzüm depelemez; şowhun bar, ýöne şatlyk şowhuny däl.


Nobat size ýetdi, eý, ýurduň ilaty! Wagt geldi, ol gün ýakynlaşdy. Daglarda şowhunly baýramçylyk deregine howsala güni geldi.


gurap galdy üzüm agajy, solup galdy injir agajy. Nar, alma, hurma – meýdandaky baglaryň gurady bary. Gutardy şol sebäpden ynsan şatlygy.


Garybyň elinden bugdaý hem saman hakyny zorluk bilen alanyňyz üçin, daşdan ýonulan jaýlar gursaňyz-da, siz olarda ýaşamarsyňyz, gözel üzüm baglaryny oturtsaňyz-da, olaryň şerabyny içmersiňiz.


Tutuş üzüm baglaryňyzda perýat ederler, çünki siziň araňyzdan Men geçerin». Muny Reb aýdýandyr.


Ine, şeýle günler geler – Hökmürowan Reb diýýär, ýer sürýän orak orýanyň yzyndan ýeter, üzüm sykýan ekiş döwrüne çenli işini gutarmaz, şirin şerap daglardan damar, bütin depelerden-de joşup akar. Halkym Ysraýyla öňki abadançylygyny gaýtararyn, ýumrulan şäherleri dikeldip, olarda mesgen tutarlar, üzüm baglaryny oturdyp, olaryň şerabyny içerler, bag-bakjalar ekip, olaryň miwesini iýerler. Men olary öz topragynda oturdaryn, Meniň özlerine beren topragymdan indi olar hiç haçan çykarylmaz. Muny Hudaýyňyz Reb aýdýandyr.


Mal-mülkleri olja bolar, jaýlary haraba döner, jaý salynsalar-da, ýaşamazlar onuň içinde, üzüm agaçlaryny oturdarlar, emma olaryň şerabyndan içmezler».


Olar meýdana çykyp, öz üzümlerini ýygdylar. Üzüm ýenjilýän sokuda ýenjip, sykyp suwuny aldylar. Baýram etdiler, öz hudaýlaryna sežde etdiler. Iýip-içip, Abymelegi näletlediler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ