Ol mowaplylary-da ýeňdi. Olary ýerde hatara ýatyryp, ölçeg ýüpi bilen ölçäp, böleklere böldi. Her üç bölegiň birini diri galdyryp, iki bölegini öldürip çykdy. Şeýdip diri galan mowaplylar Dawuda gul bolup, salgyt tölediler.
Amazýa Duz jülgesinde on müň sany edomlyny gyryp, Sela galasyny basyp aldy. Ol Sela galasyny Ýokteýel diýip atlandyrdy. Ol şu güne çenli hem şeýle atlandyrylyp gelýär.
Bu pullar seresaplylyk bilen ulanylyp, oňa öküzler, goçlardyr guzular, galla we içgi sadakalary satyn alnyp, olar Hudaýyňyzyň Iýerusalimdäki öýüniň gurbanlyk sypasynda sadaka berilsin.