Milletleriň baýlygyny tapdy elim, höwürtge tapan ýaly; terk edilen ýumurtgalaryň ýygnalyşy kimin, bütin dünýäni ýygnadym. Ganat kakyp, agzyny açyp, ses çykaran bolmady».
Ony hudaýsyz milletiň garşysyna, gazaplanan halkymyň garşysyna iberýärin, oňa talamagy, talanyny olja almagy, olary köçeleriň palçygy kimin aýak astyna almagy buýurdym.
Negep haýwanlary barada pygamberlik: urkaçy hem erkek arslanyň, alahöwreniň hem uçýan ýylanyň ýaşaýan, alada hem hasrat ýurdunyň üstünden geçip, baýlyklaryny eşekleriniň arkasyna, hazynalaryny düýeleriniň örküjine atyp, peýdasyz halka äkidip berýärler.
Bu sebäpden ýüregim Mowap üçin gargy tüýdük kimin ahy-nala çekýär. Kirharaset halkynyň gazanan baýlyklary dargady, şonuň üçin hem ýüregim tüýdük kimin iňleýär.
Birinji gün oňat miweli agaçlaryň miwesini, palma şahalaryny, gür ýaprakly agaçlaryň we suw boýunda ösýän söwütleriň şahalaryny alyp, Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda ýedi günläp şady-horramlykda boluň.