Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 15:5 - Mukaddes Kitap

5 Ýüregim Mowap üçin nalyş edýär, gaçgaklary Sogara, Eglat Şelişiýa gaçýarlar. Olar aglaşyp, Luhutyň ýokarsyna çykýarlar. Weýrançylykdan perýat çekýärler Horonaýym ýolunda.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Йүрегим Мовап үчин налыш эдйәр, гачгаклары Согара, Эглат Шелишия гачярлар. Олар аглашып, Лухутың ёкарсына чыкярлар. Вейранчылыкдан перят чекйәрлер Хоронайым ёлунда.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 15:5
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Lut daş-töweregine göz aýlap, Iordan deresiniň Sogara çenli edil Rebbiň bagy, Müsür topragy ýaly, bu ýeriň bol suwdan ganandygyny gördi. Bu Rebbiň Sodomy we Gomorany weýran etmezinden öňdi.


Bular Sodom şasy Beranyň, Gomora şasy Birşanyň, Adma şasy Şinabyň, Seboýym şasy Şemeberiň we Sogar diýip atlandyrylýan Bala şasynyň garşysyna urşa başladylar.


Sen basym gaç, çünki sen ol ýere baryp ýetýänçäň, men hiç zat edip bilmerin» diýdi. Şoňa görä-de ol gala Sogar diýlip atlandyryldy.


Dawudyň adamlary geçip barýarka, tutuş ýurt nala çekip aglady. Patyşa tutuş goşuny bilen Kidron deresinden geçip, çöle tarap ýola düşdi.


Dawut aglap-eňräp Zeýtun dagyna çykdy. Başynda örtügi bardy, aýaklary ýalaňaçdy. Onuň ýanyndakylaryň-da ählisiniň başlary örtülgidi, gidip baryşlaryna olaram aglaýardylar.


Indi Reb şeýle diýýär: «Hakyna tutma işçiniň möhleti ýaly üç ýylyň dowamynda Mowabyň şan-şöhraty uly halky bilen birlikde abraýdan düşer; gutulanlary juda az we güýçsüz bolar».


Görnüş jülgesinde Gudratygüýçli–Hökmürowan Rebbiň howsalaly, tabyn edýän, aljyraňňy güni bolar. Diwarlar ýykylar bu gün, daglara perýat ediler.


Aýaklary pislige ýortýar, bigünä gan dökmäge howlugýar, pikirleri şerdir, harabalyk, weýrançylyk bar ýollarynda.


Emma siz muňa gulak asmasaňyz, tekepbirligiňiz üçin gizlinlikde aglaryn; Rebbiň sürüsiniň ýesir edilendigi üçin, gözlerimiň ýaşy dökülip, sil bolup akar.


Men hyzmatyňda çopan bolmakdan gaçmadym. Betbagtlyk gününiň gelmegini-de islemedim. Agzymdan çykýan her bir sözi Özüň bilýänsiň, ýa Reb, ol söz huzuryňda aýandyr.


Wah janym, wah janym! Agyryma çydamok! Wah, kalbymyň aýnasy! Ýüregim hasrat çekýär, ümsüm bolup bilemok, çünki sen, eý, janym, eşitdiň surnaý sesin, söweş nagrasyn.


Betbagtlyk üstüne betbagtlyk geldi, tutuş ýurt wes-weýran boldy, ýok boldy birdenkä çadyrlarym, bir demde perdelerim.


Horonaýymdan dady-perýat eşidilýär: „Harabaçylyk, uly weýrançylyk!“


Aglaý-aglaý Luhyt ýolundan çykýarlar, olar Horonaýym eňňidinde weýrançylyk perýadyny eşidýärler.


Babyl ele salnanda boljak galmagaldan ýer ýüzi sarsar; gykylyklarynyň sesleri milletleriň arasyndan eşidiler».


Men daglar üçin aglaýaryn, ahy-nala çekýärin, çölüň örüleri üçin ýas tutýaryn, sebäbi olar harabalyga öwrüldi, ol ýerden geçýän ýok. Mal-garalaryň sesi eşidilmeýär, guşlar-da, haýwanlar-da gaçyp gitdiler.


Waý, saňa, eý, Mowap! Siz heläk bolduňyz, eý, Kemoş halky! Ogullaryňyz bosgunlara öwrüldi, gyzlaryňyz amor hany Sihonyň ýesiri boldular.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ