Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 15:1 - Mukaddes Kitap

1 Mowap hakyndaky pygamberlik: Hakykatdan Mowabyň Ar şäheri bir gijede harabalyga öwrülýär, Mowap weýran boldy! Hakykatdan Mowabyň Kir şäheri bir gijede harabalyga öwrülýär, Mowap weýran boldy!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Мовап хакындакы пыгамберлик: Хакыкатдан Мовабың Ар шәхери бир гиҗеде харабалыга өврүлйәр, Мовап вейран болды! Хакыкатдан Мовабың Кир шәхери бир гиҗеде харабалыга өврүлйәр, Мовап вейран болды!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 15:1
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ysraýyllar bütin Mowabyň galalaryny ýer bilen ýegsan edip, olaryň ähli oňat ekerançylyk ýerlerini daşdan dolduryp weýran etdiler, ähli suw çeşmelerini bentläp, ähli miweli agaçlaryny çapdylar. Diňe Mowabyň paýtagty Kirharasediň kerpiç diwarlary ýykylman galdy, ýöne sapanly esgerler ony hem gabap, galanyň üstüne hüjüm etdiler.


Olar bilelikde günbatardaky piliştlileriň üstüne hüjüm ederler, bilelikde gündogaryň halkyny talarlar, Edoma, Mowaba garşy el galdyrarlar, ammonlar tabyn bolarlar olara.


Babyl hakda Amozyň ogly Işaýa aýanlyk arkaly gelen pygamberlik:


Ahaz patyşanyň ölen ýyly şu pygamberlik geldi:


Şol sebäpden ýüregim Mowap üçin, Kalbym Kirharaset üçin lira dek nala çekýär.


Mowabyň tekepbirligi, onuň hetdenaşa gedemligi, men-menligi, ulumsylygy, gazaby barada eşitdik; boş ýere öwünýär ol.


Şonuň üçin Mowap perýat etsin, her kes Mowap üçin nala çeksin, Kirharasediň kişmişli kökeleri üçin ýas tutuň, gam çekiň.


Rebbiň eli bu dagda bolar, dersli çukurda samanyň depelenişi kimin mowaplylar-da öz ýerlerinde basgylanar.


Ýer bilen ýegsan ediler, diwarlaryndaky berkitmeler.


Müsüri, Ýahudany, Edomy, ammonlary, Mowaby we çölde ýaşaýan gyrçuw sakgallylaryň hemmesini jezalandyraryn. Çünki bu milletleriň ählisi sünnetsiz, tutuş ysraýyl halkynyň ýüregi-de sünnetsiz».


Çünki Heşbondan ot, Sihonyň galasyndan ýalyn çykdy. Mowabyň Ar galasyny ýalyn gurşady, Arnon depelerini-de, ýuwutdy ol.


„Bu gün siz Ar galasynda Mowabyň araçägini kesip geçersiňiz.


Ammonlaryň serhedine golaýlaşanyňyzda, olara duşmançylyk gözi bilen garamaň, olar bilen urşa girmäň, sebäbi Men ammonlaryň ýerini size mülk berjek däldirin, çünki Men ol ýeri Lutuň nesillerine berdim“.


Reb maňa: „Mowaplara duşman gözi bilen garama ýa-da olar bilen urşa girme, çünki Ar galasyny Lutuň nesillerine mülk berendigim sebäpli, Men size olaryň ýerinden mülk edip, hiç zat berjek däl“ diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ