Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 14:6 - Mukaddes Kitap

6 Ol halklara gazaply, üznüksiz zarbalar urdy, milletleri gazap bilen, dynuwsyz zulum bilen dolandyrdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Ол халклара газаплы, үзнүксиз зарбалар урды, миллетлери газап билен, дынувсыз зулум билен доландырды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 14:6
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Reb Iýerusalimiň garşysyna Babyl patyşasyny çozdurdy. Babyllylar mukaddes öýünde ýaşlaryny gylyçdan geçirdiler; ýigitlerdir gyzlara, gojalardyr saçy agaranlara olar rehim etmediler. Reb olaryň baryny Babyl patyşasynyň eline berdi.


Hudaý gazabyndan dönmez, Rahabyň kömekçileri Onuň aýak astyna düşýär.


Rebbe garşy durup biljek hiç bir danalyk, düşünje ýa-da maslahat ýokdur.


Ejiz halkyň erbet hökümdary arlaýan arslan, topulýan aýy ýalydyr.


Milletleriň baýlygyny tapdy elim, höwürtge tapan ýaly; terk edilen ýumurtgalaryň ýygnalyşy kimin, bütin dünýäni ýygnadym. Ganat kakyp, agzyny açyp, ses çykaran bolmady».


Reb pisleriň taýagyny, hökümdarlaryň hasasyny döwdi.


Özi weýran edilmän, weýran edýäniň, özüne dönüklik edilmän, dönüklik edýäniň dat gününe! Weýran edeniňden soň, özüňi-de weýran ederler; dönüklik etmegi bes edeniňde, saňa-da dönüklik ediler.


demirgazygyň ýakynu-uzak patyşalarynyň hemmesine we ýer ýüzündäki ähli patyşalyklara nobatma-nobat içirdim. Iň soňky bolup ondan Şeşak patyşasy içjekdir.


Men-de bütin demirgazyk tireleri bilen Babyl patyşasy bolan bendäm Nebukadnesary çagyraryn. Muny Reb aýdýandyr. Olary bu ýurduň, onuň ilatynyň, daş-töwerekdäki ähli milletleriň üstüne alyp gelerin. Bu halklary bütinleý ýok edip, bu ýurdy howpa, ryswaçylyga we ebedilik harabaçylyga öwrerin.


Eý, onuň töwereginde ýaşaýanlar, onuň adyny tanaýanlar, oňa ýas tutup: „Wah, gudratly hasa, şöhratly taýak nädip döwüläýdi!“ diýiň.


Eý, tekepbir, Men saňa garşydyryn, muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr. Çünki seniň günüň doldy, seni jezalandyrjak wagtym gelip ýetdi.


Olar ahy-nalamy eşitdiler, emma maňa teselli berýän ýok. Jebrimi ähli duşmanlarym eşitdi, Seniň muny edeniňe şatlandylar. Yglan eden günüňi getir, olar-da meniň ýaly bolsunlar.


Torlaryny boşatmagyny dowam ederlermi? Milletleri rehimsizlik bilen gyrarlarmy?


Baýlyk aldawçydyr. Baýlar tekepbirdirler, olarda ynjalyk bolmaz, ölüler dünýäsi ýaly açgözdirler, doýmazlar asla ölüm ýaly. Ähli milletleri ýanlaryna toplap, ähli halklary basyp alýarlar olar.


Sebäbi rehimsiz adama rehimsizlik bilen höküm ediler. Rehimli adama bolsa rehimlilik bilen höküm ediler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ