Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 14:29 - Mukaddes Kitap

29 «Özüňizi uran taýak döwüldi diýip şatlanmaň, eý, piliştliler! Ýylan tohumyndan kepjebaş dörär, onuň miwesi-de uçýan mähnet ýylan bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

29 «Өзүңизи уран таяк дөвүлди дийип шатланмаң, эй, пилиштлилер! Йылан тохумындан кепҗебаш дөрәр, онуң мивеси-де учян мәхнет йылан болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 14:29
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hizkiýa iň kiçi obadan tä uly gala çenli bolan ýerlerde ýaşaýan piliştlileriň baryny, şeýle hem Gazany we onuň çägindäkileri ýeňlişe sezewar etdi.


Uzyýa gidip, piliştlilere garşy urşup, Gatyň, Ýabnäniň we Aşdodyň diwarlaryny ýykdy. Ol Aşdodyň töwereginde we Piliştiň beýleki çäklerinde galalar gurdy.


Piliştliler Ýahudanyň günbatar baýyrlaryndaky we Negep çölündäki şäherlerine hüjüm edip, Beýtşemeşi, Aýalony, Gederoty, Sokony ýanyndaky obalary bilen, Timnany ýanyndaky obalary bilen, Gomzony ýanyndaky obalary bilen basyp alyp, şol ýerlerde mesgen tutupdylar.


Duşmanyň ýykylanda şatlanma, büdrese ýüregiň begenmesin.


Olar bilelikde günbatardaky piliştlileriň üstüne hüjüm ederler, bilelikde gündogaryň halkyny talarlar, Edoma, Mowaba garşy el galdyrarlar, ammonlar tabyn bolarlar olara.


Emýän çaga gara ýylanyň hininiň agzynda oýnar, süýtden aýrylan çaga elini kepjebaşyň hinine sokar.


Perýat et, eý, derweze! Nala çek, eý, şäher! Eý, piliştliler, gorkudan titräň! Demirgazykdan tüsse çykýar, goşun hatar-hatar bolup gelýär».


Sen Öz halkyňy, ýagny Ýakubyň neslini terk etdiň. Olar gündogaryň palçylaryndan, piliştlileriňki ýaly müneçjimlerden doly, keseki halk bilen el berişýärler olar.


Negep haýwanlary barada pygamberlik: urkaçy hem erkek arslanyň, alahöwreniň hem uçýan ýylanyň ýaşaýan, alada hem hasrat ýurdunyň üstünden geçip, baýlyklaryny eşekleriniň arkasyna, hazynalaryny düýeleriniň örküjine atyp, peýdasyz halka äkidip berýärler.


Faraonyň Gazany ýeňmezinden öň, piliştliler hakynda Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy:


Reb Öz niýetini amala aşyrdy, owaldan belleýşi ýaly, Öz sözlerini berjaý etdi. Seni rehimsizlik bilen heläk etdi, şat etdi halyňa duşmanyňy, ýagylaryňa kuwwat berdi.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ebedi duşmançylygy bolan piliştliler ýahudalardan ar aldylar, ýüreklerindäki ýigrenç zerarly olary ýer bilen ýegsan edip öç aldylar.


«Eý, ynsan ogly! Sur galasy Iýerusalim hakda: „Baý-baý-ow, halklaryň gapysy bolan şäher ýykyldy, derwezeleri meniň üçin açyldy. Ol weýran boldy, indi men baýlykdan dolaryn“ diýdi».


Sen ysraýyl halkynyň mirasy harabaçylyga öwrülende, näçe şatlanan bolsaň, şonça-da ejir çekersiň. Sen, eý, Segir dagy tutuş Edom harabaçylyga öwrülersiň. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň».


«Eý, Ysraýyl, şatlanma, beýleki halklar ýaly joşma. Çünki sen zyna edip, Hudaýyňdan uzaklaşdyň. Hemme harman ýerlerinde sen zynanyň muzduna göwün berdiň.


Eý, Sur, Sidon we ähli Pilişt welaýatlary, siz kimsiňiz Meniň üçin? Siz Maňa gaýtawul berýärsiňizmi? Eger gaýtawul berýän bolsaňyz, Men siziň edenleriňizi okgunlylyk bilen tizara başyňyza salaryn.


Reb şeýle diýýär: «Men gazalylary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Olar tutuş jemagaty edomlylaryň eline bermek üçin ýesir edip äkitdiler.


Ýok ederin Aşdodyň ilatyny, Aşkelonda eli şa hasaly hökümdary. Golumy Ekronyň garşysyna öwrerin, heläk ederin piliştlileriň aman galanyny». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Doganyň – Ýahudanyň nesliniň betbagt gününde gülmeli däldiň. Olara bela inen gününde, sen heşelle kakmaly däldiň. Olaryň hasrat gününde magtanmaly däldiň.


Eý, duşmanym, heşelle kakma halyma, ýykylsam-da, galaryn. Garaňkylykda otursam-da, Reb maňa nur bolar.


Gaza boşap galar, Aşkelon haraba döner, Aşdot günorta çaglary kowlar, Ekron-da köki-damary bilen sogrular.


Deňiz ýakasynda ýaşaýan Keret halkynyň dat gününe! Eý, Kengan, piliştliler ýurdy, Reb seniň garşyňa şeýle diýýär: «Ýeke kişini-de galdyrman, seni weýran ederin».


Garşyma eden ähli pis işleri üçin, şol gün halkym utandyrylmaz. Çünki Men özüne buýsanyp, men-menlik edýänleri araňyzdan aýraryn. Siz mukaddes dagymda mundan beýläk tekepbirlik etmersiňiz.


Ony görüp, Aşkelon gorkar, Gaza yzadan ýaňa jebir çeker, umytdan düşen Ekron-da şeýle eder. Gazanyň şasy ýok ediler, Aşkelon ilatsyz galar.


Reb Musa: «Bir zäherli ýylanyň şekilini ýasa we ony uzyn syrygyň ujuna berkit. Ýylan çakan adam oňa sereden badyna sagalar» diýdi.


günortada ýaşaýan awalar, Müsüriň gündogaryndaky Şihor derýasyndan demirgazyk Ekronyň araçägine çenli ýerler. Bu ýerler kenganlaryň ýerleri hasaplanýar. Şeýle hem, oňa piliştlileriň bäş galasy: Gaza, Aşdot, Aşkelon, Gat we Ekron degişlidir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ