Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 14:27 - Mukaddes Kitap

27 Hökmürowan Reb karar etdi, kim Oňa päsgel berip biler? Ol elini uzatdy, kim ony yzyna öwrüp biler?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

27 Хөкмүрован Реб карар этди, ким Оңа пәсгел берип билер? Ол элини узатды, ким оны ызына өврүп билер?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 14:27
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Atalarymyzyň Hudaýy, ýa Reb! Gökdäki Hudaý Sen dälmisiň? Bütin milletleriň patyşalyklarynyň üstünden höküm sürýän Sensiň. Güýç, gudrat Seniň eliňdedir, hiç kim Saňa garşy durup bilmez.


Eger Ol gelip, seni zyndana atsa, höküm etmek üçin çagyrsa, kim Ony saklap biler?


Hudaý karar çykarýar, kim Oňa garşy çykyp biler? Ol islän zadyny edýär.


Hemmesini bile topraga göm, olary gabyrda bagla.


«Men bilýän, Seniň eliňden hemme zat gelýär, göwnüňe gelen zady amala aşyrýaň.


Ol tutup äkidýär – Ony saklap biljek barmy? „Edýäniň näme?“ diýip biljek barmy Oňa?


Hatda ýolbarslar hem çekýär ejir bilen açlygy, Rebbi agtarýanlar bolsa çekmez hiç mätäçligi.


Adamyň ýüreginde niýet köpdür, emma Rebbiň maksady amala aşýar.


Rebbe garşy durup biljek hiç bir danalyk, düşünje ýa-da maslahat ýokdur.


Bütin şan-şöhratyň gedemligini ýok etmek üçin, dünýäniň ähli abraýly adamlaryny biabraý etmek üçin, Hökmürowan Reb şeýle karar çykardy.


Owaldan bäri Men Olduryn. Elimden halas edip biljek ýokdur. Meniň edenimi ýatyryp biljek barmy?»


Gündogardan bir ýyrtyjy guşy, maksadymy berjaý etjek birini uzak ýurtdan çagyrdym. Bulary aýdan Mendirin, ýerine-de ýetirerin; Men niýet etdim, amala aşyraryn ony.


Bile maslahat geçirersiňiz, ýöne ol başa barmaz; söz sözlärsiňiz, ýöne ol amala aşmaz, çünki Hudaý biziň bilendir.


gündogardan siriýalylary, piliştlileri günbatardan. Olar Ysraýyly ýuwudarlar, agyzlaryny açarlar-da. Ýöne Rebbiň gazaby sönmändi şonda-da, eli entek-de jeza bermäge taýyn.


Şonuň üçin ýurt ýas tutar, asman garalar. Men sözledim, Men karar etdim, gaýtmyşym etmerin, pikirimden dänmerin».


Gylyçdan gaçyp gutulan diňe az sanly adamlar Müsür ýurdundan Ýahuda ýurduna gaýdyp gelerler. Müsüre ornaşmaga gelen ýahuda halkyndan aman galanlar şonda Meniň sözümiň ýa-da olaryň sözüniň amala aşýandygyny bilerler.


Munuň üçin Rebbiň Edom hakdaky kararyny, Teýman ilatyna niýetlän maksadyny eşidiň: Hakykatdan hem sürüleriniň iň kiçisi-de dargadylar, sürüleri olaryň kysmatyndan ýaňa dowla düşerler.


Bu Ýahuda patyşasy Sidkiýanyň patyşalygynyň dördünji ýylydy. Mahseýanyň agtygy, Neriýanyň ogly Seraýa patyşanyň baş dolandyryjysydy. Ol Sidkiýa bilen bile Babyla barýarka, Ýermeýa pygamber oňa şu sözi tabşyrypdy.


Seni ýalaňaç gaýa öwrerin, tor ýazylýan ýer bolarsyň. Indi sen hiç haçan täzeden bejerilmersiň, çünki Hökmürowan Reb: „Muny Men-Reb aýtdym“ diýýär».


Biz Hudaýy söýýänler we Onuň maksadyna görä çagyrylanlar üçin hemme zadyň olaryň peýdasyna edilýändigini bilýäris.


Bulardan başga aýdara zat galdymy? Hudaý bizlik bolsa, kim bize garşy çykyp biler?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ