Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 14:23 - Mukaddes Kitap

23 «Ony baýguşhana, batgalyga öwrerin, heläkçilik sübsesi bilen süpürerin» Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 «Оны байгушхана, батгалыга өврерин, хеләкчилик сүбсеси билен сүпүрерин» Муны Хөкмүрован Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 14:23
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonuň üçin hem Men Ýarobgamyň nesilleriniň başyndan betbagtçylyk indererin. Isle azat bolsun, isle gul, parhy ýok, Ýarobgamyň neslinden bolan Ysraýyldaky her bir erkegi bütinleý ýok ederin. Dersiň syrylyp-süpürilip taşlanyşy ýaly, Men Ýarobgamyň nesilleriniň baryny iň soňkusyna çenli bütinleý ýok ederin.


Men Samariýanyň we Ahabyň nesilleriniň başyna nähili günleri salan bolsam, Iýerusalimiň başyna-da şol günleri salaryn. Bir kişiniň gap-çanagy süpürip, arassalap, düňderip goýşy ýaly, Men-de Iýerusalimi syryp-süpürip ýok ederin.


Ol ýer ilatsyz galar, hiç haçan ýaşaýyş bolmaz onda, araplar çadyrlaryny dikmezler, çopanlar sürülerini bakmazlar.


Perýat ediň, Rebbiň güni ýakyndyr! Ol Gudratygüýçli tarapyndan weýrançylyk deý geler.


Deňiz ýanyndaky çöl hakda pygamberlik: Tüweleýleriň günortadan gelşi deý, basybalyjy-da gorkunç ýurtdan, çölden geler.


Babyla her tarapdan hüjüm ediň, onuň ammarlaryny açyp, ony galla üýşmekleri kimin üýşüriň, ony bütinleý ýok ediň; ondan hiç zat galmasyn.


Çünki demirgazykdan bir millet oňa garşy çykar, ol onuň ýurduny harabaçylyga öwrer, onda hiç kim ýaşamaz. Ynsan-da, haýwan-da ondan gaçyp gider».


Onsoň şeýle diý: „Ýa Reb, bu ýeri ýok etjekdigiňi, onda ynsan-da, haýwan-da ýaşamajakdygyny, ýurduň ebedilik harabaçylyga öwrüljekdigini Özüň aýtdyň“.


Ninewe mal-garalaryň ýatagyna, dürli wagşy haýwanlaryň sürenine öwrüler. Baýguşlar harabaçylykda mesgen tutarlar, penjirelerden uwlaşarlar, bosagalaryň öňi weýran bolar, kedr pürsleri duw-dagyn ediler.


Onuň yzyndan uçup gelýän ikinji perişde şeýle diýýärdi: «Ýykyldy! Beýik Babyl ýykyldy! Öz azgyn hyjuwlarynyň şerabyny ähli milletlere içirdi».


Perişde batly gygyryp, şeýle diýdi: «Ýykyldy! Beýik Babyl ýykyldy! Ol jynlaryň mesgenine öwrüldi, ähli arwahlaryň sürenine öwrüldi, dürli haram we nejis guşlaryň penasyna öwrüldi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ