Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 14:2 - Mukaddes Kitap

2 Halklar ysraýyllary öz ýerlerine alyp gelerler. Ysraýyl halky Rebbiň beren ýurdunda başga halklary özlerine gul-gyrnak ederler; özlerini ýesir edenleri ýesir edip, özlerine zulum edenleriň üstünden agalyk sürerler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Халклар ысрайыллары өз ерлерине алып гелерлер. Ысрайыл халкы Реббиң берен юрдунда башга халклары өзлерине гул-гырнак эдерлер; өзлерини есир эденлери есир эдип, өзлерине зулум эденлериң үстүнден агалык сүрерлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 14:2
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sen guluňdan Öz ýüzüňi gizleme, ejir çekýärin, tizräk jogap bersene!


Şol wagt ýurtlary derýalar bilen bölünýän, uzyn boýly, owadan bedenli millet, her ýana gorky saçan halk, haýbatly hem basybalyjy millet, Hökmürowan Rebbe, Hökmürowan Rebbiň adyny goýan ýere, Sion dagyna sowgatlar getirer.


«Onsoň aşurlylar ynsanyňky bolmadyk gylyçdan ýykylarlar, adamzadyňky bolmadyk gylyçdan ölerler, olar gylyçdan gaçarlar, ýaş ýigitleri-de gul ediler.


Reb şeýle diýýär: «Müsüriň baýlygy, Efiopiýa söwdasy, uzyn boýly sabalylar saňa gelerler, seniňki bolar. Gandally gullar ýanyňa gelip, seniň yzyňa eýererler, saňa tagzym edip ýalbararlar: „Hudaý diňe seniň bilendir, başgasy ýokdur; Ondan başga hudaý ýokdur“».


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, milletlere elim bilen yşarat ederin, halklara baýdagymy galdyraryn; olar ogullaryňy gujaklarynda getirerler, gyzlaryňy gerişlerinde götererler.


Patyşalar saňa atalyk, şa aýallary saňa enelik ederler. Olar saňa tagzym edip, aýak tozuňyzy ýalarlar. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň. Maňa umyt baglaýanlar utanja galmaz».


Emma Reb şeýle diýýär: «Hawa, güýçliniň ýesirleri yzyna alnar, zalymyň oljasy elinden azat ediler; Men saňa garşy durana garşy durup, çagalaryňy halas ederin.


Sen saga-sola ýaýylarsyň, nesilleriň milletleri eýeläp, çola şäherlerde ornaşarlar.


Saňa ezýet berenleriň nesilleri gelip, tagzym ederler saňa, seni kemsidenleriň ählisi aýagyňa ýykylarlar; saňa Rebbiň şäheri, Ysraýylyň Mukaddesiniň Siony diýer olar.


Töwerege ser sal, galdyr başyňy, ählisi üýşüşip, saňa gelýärler. Ogullaryň uzakdan gelerler, gujakda göteriler gyzjagazlaryň.


Kesekiler gelip, sürüleriňizi bakarlar, ýat halklar daýhanyňyz, bagbanyňyz bolar.


Reb şeýle diýýär: «Men abadançylygy derýa dek, milletleriň baýlygyny daşgyn çeşme dek oňa ugrukdyraryn, ol sizi emdirip, elinde göterer, aýagynda yralar.


Emma seni iýenleriň ählisi iýler, ähli duşmanlaryň sürgün ediler, seni talanlar talanarlar, olja alanlar olja bolarlar.


Reb şeýle diýýär: «Ammonlaryň Raba şäherine uruş nagralaryny eşitdirjek günlerim geler. Raba bir harabaçylyk üýşmegi bolar, obalary oda ýakylar. Onsoň Ysraýyl özüni eýelänleri eýelär. Muny Reb aýdýandyr.


Oduny meýdandan daşamazlar, tokaýlary çapmazlar. Olar ody ýaraglar bilen ýakarlar; özlerini talanlary talarlar, soýanlary soýarlar. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Emma patyşalygy Beýik Hudaýyň mukaddes adamlary alarlar, olar patyşalyga hemişelik, ömürbaky we ebedilik eýelik ederler».


Men siziň oguldyr gyzlaryňyzy Ýahuda halkyna sataryn, ol hem siziň çagalaryňyzy uzakdaky Şebalylara satar». Muny Reb aýtdy.


Eger size gul-gyrnak gerek bolsa, olary töweregiňizdäki milletlerden satyn alyň.


Ýöne Sion dagynda jezadan halas galanlar bolar we Sion dagy mukaddes bolar. Ýakubyň nesli öz mülküne gowşar.


Ähli janly-jandarlar, Rebbiň öňünde ümsüm boluň; Ol turup, mukaddes mekanyndan çykyp gelýär.


Indi Men olaryň garşysyna el göterjek; olary öz gullary talaňa salar». Şonda ýanyňyza meni Hökmürowan Rebbiň iberendigini bilersiňiz.


Emma şol hyzmatkär öz içinden: „Hojaýynym giç geler“ diýip, gullary we kenizleri urmaga, iýip-içip, serhoş bolmaga başlasa,


Hawa, olar muny göwünjeňlik bilen etdiler, aslynda olar şeýle-de etmelidiler. Çünki ýahudy imanlylar başga halklar bilen öz ruhy patalaryny paýlaşdylar. Şoňa görä-de, başga halklar hem öz gezeginde olara maddy mätäçliklerinde kömek bermäge borçludyrlar.


Bu ýaraglar bilen Hudaý baradaky bilime garşy çykýan her belentligi ýumurýarys, her pikiri ýesirlige alyp, ony Isa Mesihe tabyn edýäris.


Eý, doganlarym! Siz azat bolmaga çagyrylansyňyz. Ýöne bu azatlygyňyzy ynsan höwesleriňizi kanagatlandyrmak üçin ulanmaň. Gaýtam, birek-birege söýgi bilen hyzmat ediň.


Munuň üçin Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ol ýokary belentlige çykanda, ýesirleri Özi bilen äkitdi; ynsanlara peşgeşler berdi».


Men şeýtanyň üýşmeleňini gelip, aýagyňa ýykylmaga mejbur ederin, olar seni söýýändigimi bilerler. Olar özlerini ýahudy saýsalar-da, olar asla ýahudy däl, olar ýalan aldaýarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ