Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 14:19 - Mukaddes Kitap

19 Emma terk edilen çaga kimin gabryňdan daşary atyldyň; gylyçdan geçirilen, gabryň daşly düýbüne atylan jesetler bilen örtülýärsiň. Aýak astynda depelenen maslyk deý,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Эмма терк эдилен чага кимин габрыңдан дашары атылдың; гылычдан гечирилен, габрың дашлы дүйбүне атылан җесетлер билен өртүлйәрсиң. Аяк астында депеленен маслык дей,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 14:19
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sen oňa Reb şeýle diýýär diý: „Sen ilki Nabody öldürdiň, indi hem onuň üzümçiligini eýeleýäňmi? Itler Nabodyň ganyny ýalan ýerinde seniň hem ganyňy ýalarlar“».


Ahaba degişli bolanlaryň galada ölenlerini itler, düzde ölenlerini bolsa guşlar iýer“» diýdi.


Ýehu öz serkerdesi Bidkara şeýle diýdi: «Ony galdyr-da, ýizregelli Nabodyň mellegine taşla. Biz ata atlanyp, seniň bilen bile Ýoramyň kakasy Ahabyň yzyndan gelýärkäk, Rebbiň oňa garşy aýdan sözüni ýadyňa sal:


Tutulanlar naýzadan geçiriler, ele düşen gylyçdan ötüriler.


Milletleriň patyşalarynyň ählisi, hersi öz gabrynda, şöhrat içinde ýatyr.


Ölüleri daşary taşlanar, maslyklarynyň ysy ýaýrar, daglardan olaryň gany akar.


Munuň üçin Rebbiň gazaby Öz halkyna garşy lowlaýar, elini olara garşy uzadyp, jeza berýär; daglar titreşýär, maslyklary zibil kimin köçelerde ýatyr, Şonda-da Onuň gazaby köşeşmändi, eli entek hem jeza bermäge taýyn.


Bu ýurtda uludan-kiçä hemmeler öler. Olary jaýlamazlar, hiç kim olar üçin ýas tutmaz, öz bedenini ýaralamaz ýa-da saçyny syrmaz.


Maslygyny süýräp, Iýerusalim derwezesinden çykaryp zyňarlar, eşek gömen ýaly edip gömerler“.


Olar şäheriň içine girenlerinde, Netanýanyň ogly Ysmaýyl bilen onuň ýanyndaky adamlar olary öldürip, gurruk guýa taşladylar.


Ysmaýyl öldüren adamlarynyň jesetleriniň baryny gurruk guýa taşlady. Muny öň Asa patyşasy Ysraýyl patyşasy Bagşadan goranmak üçin gazdyrypdy. Netanýanyň ogly Ysmaýyl ony adam jesedinden doldurdy.


Öldürilenler babyllylar ýurdunda, ýaralylar onuň köçelerinde ýazylsyn.


Onuň gabyrlaryna ölüler dünýäsiniň iň düýbünden ýer berildi, goşuny gabrynyň töwerek-daşyny tutup dur. Dirileriň ýurduna howp salanlaryň bary gylyçdan geçirilip öldürilendirler.


Olar ölüler dünýäsine söweş ýaraglary bilen inen, gylyçlaryny başlaryna ölüm ýassygy edinen, beýleki heläk bolan sünnetsiz batyrlar bilen bile ýatmaýarlar. Olaryň günäleriniň jezasy süňklerine ornar, sebäbi olar dirileriň ýurdunda batyrlara howp salýardylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ