Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 13:8 - Mukaddes Kitap

8 Dowla düşer olar, yza hem gaýgy basar; burgusy tutýan deý, agyry çeker olar, aňalyp birek-birege bakarlar, ýüzleri ýalyn dek lowlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Довла дүшер олар, ыза хем гайгы басар; бургусы тутян дей, агыры чекер олар, аңалып бирек-биреге бакарлар, йүзлери ялын дек ловлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 13:8
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bu galalaryň ilaty ejizdi, aljyrap howsala düşdüler. Olar meýdan ösümlikleriniň, mymyk gök maýsalyklaryň, tamyň üstündäki otlaryň, ösmänkä gurap ýok bolşy dek boldular.


Baýlygyna bil baglaýan ynsanlar, mal-mülküniň köplügine magtanýar.


Dogurmak pursady ýakynlaşanda, burgudan ejir çekip, gygyrýan aýal nähili bolsa, biz-de, ýa Reb, Seniň öňüňde şeýle bolduk.


Ýolbaşçy edip ýetişdiren adamlaryňy Reb özüňe hojaýyn etse, näme diýersiň? Dogurýan aýalyň burgusy ýaly seni-de sanjy tutmazmy?


Indi soraň, görüň, heý, erkegem çaga dograrmy? Näme üçin çaga dogurýan aýal ýaly erkekleriň ellerini bilinde görýärin? Näme üçin hemmäniň ýüzi soluk?


Men burgusy tutýan aýalyň sesini, ilkinji çagasyny dogurýanyň iňňildisini, ellerini uzadyp: «Waý halyma! Ganhorlaryň öňünde janym tapdan düşýär-le!» diýip, sojaýan Sion gyzynyň agysyny eşitdim.


Men näme görýärin? Olar gorkup, yza çekildiler. Batyrlary ýere çalnyp, yzlaryna garaman gaçdylar. Ähli tarapdan howp abanýar. Muny Reb aýdýandyr.


Şäherler ele salnar, galalar basylyp alnar. Şol gün Mowabyň urşujylarynyň ýüregi dogranda sanjy tutýan aýalyň ýüregi kimin bolar.


Ine, duşman bürgüt kimin ýokary uçar, ganatlaryny Bosranyň üstüne ýaýar. Şol gün Edom urşujylarynyň ýüregi dogranda sanjy tutýan aýalyň ýüregi kimin bolar».


Damask mejalsyz galdy, gaçjak bolup öwrülende, ony gorky gaplady. Çaga dogurýan aýal kimin ony sanjy we agyry tutdy.


Babyl patyşasy olar hakdaky habary eşidende, elleriniň ysgyny gaçdy. Dogurýan aýal kimin çekýär dert-azarlary.


Babylyň batyrlary söweşmekden el çekdi, öz berkitmelerinde otyrlar, olaryň güýji gaçyp, heleý ýaly boldular, ýaşaýan ýerlerine ot berildi, derwezeleriniň kiltleri döwüldi.


Oňa Rebbiň sözüni eşit, Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Ine, Men içiňde ot tutaşdyraryn, ol sendäki her bir ösüp oturan agajy hem, guran agajy hem köýdürer. Lowlaýan ýalyn söndürilmez we günortadan demirgazyga çenli ähli ýüzler onuň bilen birlikde ýanar.


Ol akylsyz oguldyr. Burgy azaby başlanda – wagty gelende, ol ýatgydan çykmaýar.


Halklar dowla düşýär olaň öňünde, ýüzleri-de gorkudan ak tama dönýär.


Çolardy, harabalyga öwrüldi, weýran boldy! Ýürekler ezilip, dyzlar titreýär, hemmäniň süňňi sarsyp, ýüzleri çuw ak bolýar.


Aýal dogurjak wagty agyry çekýändir, sebäbi aýy-güni dolandyr. Emma çaga doglandan soň, ol çaganyň dünýä inenliginiň şatlygy bilen gaýgy-gussany unudar.


Adamlar heniz: «Hemmeler sag-salamat, howp-hatar hem ýok» diýip durkalar, olaryň üstünden heläkçilik iner. Bu edil göwreli aýalyň burgusy kimin duýdansyz başlanar. Şonda olar gaçyp gutulmazlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ