Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 13:5 - Mukaddes Kitap

5 Öz gazabynyň ýaraglary bilen bütin ýer ýüzüni weýran etmek üçin, uzak ülkelerden, dünýäniň aňry ujundan geler Reb.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Өз газабының яраглары билен бүтин ер йүзүни вейран этмек үчин, узак үлкелерден, дүнйәниң аңры уҗундан гелер Реб.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 13:5
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gerçekler nädip ýere ýazyldy?! Ok-ýaraglar döwüldi!»


Dat günüňe, Aşur! Ol gaharymyň hasasydyr! Elindäki taýagydyr gazabym!


Ine, Men kümşe gyzmaýan, altyny söýmeýän madaýlary olara garşy öjükdirýärin.


Ine, Reb ýer ýüzüni weýran edip çolardar, ýeriň ýüzüni tanar ýaly etmez Ol, ilatyny dargadar.


Geliň, eý, halkym, otaglaryňyza giriň-de, içinden ýapyň gapylary! Gazap geçýänçä, az salym gizleniň.


Ine, Rebbiň Özi uzakdan gelýär, lowlaýan gazap bilen gara buludyň içindedir Ol; dodaklary gahardan doly, dili ýalmaýan ot kimindir.


Reb milletlere gaharlanýar, goşunlaryna garşy gazaby tutaşýar, olary bütinleý ýok eder, ölüme berer.


Hemmäňiz toplanyň, diňläň! Butlaryň haýsysy bulary öňden aýan etdi? Reb birini saýlap-seçer, ol Rebbiň Babyla garşy maksadyny amala aşyrar, onuň goly babyllylara garşy bolar.


Ol uzakdaky milletlere nyşan iberer, olary ýeriň aňry ujundan sykylyk bilen çagyrar, ine, olar dazlap, tizden ýetip gelerler.


Bulary görüp, kalbyňyz şatlykdan dolar, bedeniňiz maýsa kimin gülläp öser; Rebbiň eliniň bendeleriniň üstündedigi aýan bolar, Onuň gazaby bolsa duşmanlaryna garşydyr.


Şol gün Reb Müsür derýalarynyň aýaguçlaryndaky siňeklere, Aşur ýurdundaky arylara sygyrar.


Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb babyllylaryň ýurdunda etmeli işiniň bardygy üçin, Reb gorhanasyny açyp, gazap bilen ýaraglaryny çykardy.


Çünki demirgazykdan bir millet oňa garşy çykar, ol onuň ýurduny harabaçylyga öwrer, onda hiç kim ýaşamaz. Ynsan-da, haýwan-da ondan gaçyp gider».


Demirgazyk ýurdundan beýik milletler toplumyny Men Babylyň garşysyna örüzerin, olar oňa garşy nyzama durarlar, şol ýerde ony ele salarlar. Oklary mergen ýigidiň oky kimin bolar, hiç biri boş geçmez.


Oklary ýiteldiň, sagdaklary dolduryň! Reb madaýlaryň patyşalarynyň ruhuny oýardy; Onuň maksady Babyly ýok etmekdir, Reb Öz öjüni – ybadathanasynyň öjüni alar.


Ine, eziz halkymyň perýady ýeriň aňry ujundan eşidilýär: «Reb Sionda dälmidir? Onuň Patyşasy ol ýerde dälmi?» «Näme üçin olar özleriniň ýigrenji zatlary, özge nejislikleri bilen gaharymy getirdiler?»


Şonuň üçin hem Men olaryň üstlerine gazabymy dökdüm, gahar odum bilen olary ýakyp ýok etdim. Eden işlerini öz başlaryndan inderdim». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Ol belent surnaý sesi bilen Öz perişdelerini ýollar. Perişdeler Onuň saýlanlaryny gögüň bir ujundan beýleki ujuna çenli, dünýäniň dört künjünden ýygnarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ