Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 13:22 - Mukaddes Kitap

22 Saraýlarynda syrtlanlar, köşklerinde şagallar uwlaşar; Babylyň soňy ýakyndyr, onuň günleri uzak bolmaz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Сарайларында сыртланлар, көшклеринде шагаллар увлашар; Бабылың соңы якындыр, онуң гүнлери узак болмаз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 13:22
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Ony baýguşhana, batgalyga öwrerin, heläkçilik sübsesi bilen süpürerin» Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Sen şäheri daş üýşmegine, diwarly şäheri harabalyga öwürdiň; kesekileriň köşkleri bolan şäherleri ýok etdiň, olar bina edilmez asla.


Köşk terk ediler, şowhunly şäher boş galar; galadyr gözegçi diňi harabalyga, gulanlaryň giň ýerine, sürüleriň örüsine öwrüler.


Köşklerinde tikenler, galalarynda çitçitidir bürmekler gögerer, şagallaryň mekanyna, düýeguşlaryň mesgenine öwrüler.


Wagşy haýwanlar syrtlanlara duşarlar, dag goçlary höwürlerini çagyrarlar, gijeki jandarlar-da ol ýerde ornaşyp, dynç almaga ýer taparlar.


Gyzgyn gum howdana, teşne toprak suw bulaklaryna öwrüler; şagallaryň mesgen tutan meýdanyna gamyş, gargy gamyş biter.


Ýabany haýwanlar, şagallardyr düýeguşlar Meni hormatlarlar. Men Öz saýlan halkymy gandyrmak üçin çölde suwlar, sährada derýalar bilen üpjün etdim.


Mowabyň heläkçiligi golaýlap gelýär, onuň muşakgaty gyssanyp gelýär.


Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Döwek wagty harman ýeri nähili tapbatlanýan bolsa, Babyl gyzy-da şeýle ediler. Ýene az salymdan onuň oruljak wagty geler.


Men Iýerusalimi weýran edip, şagallar sürenine öwrerin. Ýahuda şäherlerini ilatsyz goýup, harabaçylyga öwrerin.


Hatda şagallar-da emjek berip, öz balalaryny emdirýändir, emma eziz halkym çöl düýeguşy kimin çagalaryna rehimsiz boldy.


Munuň üçin men aglap, dady-perýat ederin. Eşiksiz we aýakýalaňaç gezerin. Şagallar kimin uwlaryn. Düýeguşlar kimin gözýaş dökerin.


Aýanlyk bellenen wagt üçindir, ol soňky günleriňiz hakda aýdýar, bu ýalan däl. Haýal bolsa-da, sen oňa garaş, ol wagt hökman geler, eglenmez.


Ninewe mal-garalaryň ýatagyna, dürli wagşy haýwanlaryň sürenine öwrüler. Baýguşlar harabaçylykda mesgen tutarlar, penjirelerden uwlaşarlar, bosagalaryň öňi weýran bolar, kedr pürsleri duw-dagyn ediler.


Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin, çünki aýaklarynyň taýýan wagty geler. Duşmanlaryň heläk boljak güni ýakyndyr, jeza güni gaty golaýdyr“.


Açgözlükden ýaňa bu galp mugallymlar öz toslama hekaýatlary bilen siziň puluňyzy üterler. Şonuň üçin olaryň jezasy gadymdan taýýar durandyr, heläkçiligi bolsa gijikmez.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ