Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 13:20 - Mukaddes Kitap

20 Ol ýer ilatsyz galar, hiç haçan ýaşaýyş bolmaz onda, araplar çadyrlaryny dikmezler, çopanlar sürülerini bakmazlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Ол ер илатсыз галар, хич хачан яшайыш болмаз онда, араплар чадырларыны дикмезлер, чопанлар сүрүлерини бакмазлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 13:20
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Piliştlileriň käbirleri Ýehoşapada sowgatlar, salgyt üçin kümüş getirdiler; araplar hem ýedi müň ýedi ýüz goç we ýedi müň ýedi ýüz erkeç getirdiler.


Goý, ol önelgesiz gije bolsun, onda şatlykly owaz eşidilmesin!


Eý, gözelleriň soltany! Eger bilmeseň, süriniň yzy bilen git, çopanlaryň çadyrynyň ýanynda owlaklaryňy bak.


«Ony baýguşhana, batgalyga öwrerin, heläkçilik sübsesi bilen süpürerin» Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Deňiz ýanyndaky çöl hakda pygamberlik: Tüweleýleriň günortadan gelşi deý, basybalyjy-da gorkunç ýurtdan, çölden geler.


Sen şäheri daş üýşmegine, diwarly şäheri harabalyga öwürdiň; kesekileriň köşkleri bolan şäherleri ýok etdiň, olar bina edilmez asla.


Olar üçin bije atdy, Öz eli bilen ýurdy ölçäp paýlady, Olar ony baky eýelärler, ol ýerde ýaşarlar nesiller boýy.


Hasor şagallaryň sürenine we ebedi harabaçylyga öwrüler. Ol ýerde-de ýeke adam galmaz, hiç bir ynsan ýaşamaz».


Ol Rebbiň gazabyndan ýaňa ilatsyz galyp, bütinleý harabalyga öwrüler. Babyldan geçenler onuň ýaralaryna haýran bolup sykylyk çalarlar.


Merataýym ýurduna we Pekot halkyna hüjüm et. Olary öldür, aman galanlary bütinleý ýok et, özüňe buýruşym ýaly et. Muny Reb aýdýandyr.


Çünki demirgazykdan bir millet oňa garşy çykar, ol onuň ýurduny harabaçylyga öwrer, onda hiç kim ýaşamaz. Ynsan-da, haýwan-da ondan gaçyp gider».


Munuň üçin ol ýerde wagşy haýwanlar, şagallardyr düýeguşlar mesgen tutarlar. Mundan beýläk onda ynsan ýaşamaz, nesiller boýy hiç kim aýak basmaz.


Munuň üçin Rebbiň Babyl hakdaky kararyny, babyllylaryň ýurduna niýetlän maksadyny eşidiň: Hakykatdan hem sürüleriniň iň kiçisi-de dargadylar, sürüleri olaryň kysmatyndan ýaňa dowla düşerler.


Men saňa garşydyryn, eý, weýran edýän dag! Bütin dünýäni ýykan dag! Muny Reb aýdýandyr. Elimi saňa garşy uzadyp, seni gaýalardan aşak togalaryn, seni ýanan daga öwrerin.


Ýurt titräp, lerzana gelýär! Çünki Babyl ýurduny ilatsyz haraba öwürmek baradaky Rebbiň niýeti amala aşýar.


Babyl daş üýşmeklerine, şagallar sürenine öwrüler, howp we ryswaçylyga dönüp, ol ýerde hiç kim ýaşamaz.


Onuň şäherleri weýran boldy, ýurdy hiç kim ýaşamaýan, hiç bir ynsan geçmeýän gurak bir çöle döndi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ