Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 13:18 - Mukaddes Kitap

18 Ýaş ýigitleri ýere ýazar ýaýlary, bäbeklere rehim etmezler, gözleri çagalary gaýgyrmaz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Яш йигитлери ере язар яйлары, бәбеклере рехим этмезлер, гөзлери чагалары гайгырмаз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 13:18
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hazaýyl ondan: «Jenabym, sen näme üçin aglaýarsyň?» diýip sorady. Elýaşa şeýle jogap berdi: «Men seniň ysraýyl halkynyň başyna ýowuz günleri getirjekdigiňi bilip aglaýaryn. Sen olaryň galalaryna ot berip, söweşde olaryň iň oňat esgerlerini gylyçdan geçirersiň, olaryň çagalarynyň kellelerini ýenjip, göwreli aýallarynyň garynlaryny dilersiň».


Onsoň Reb Iýerusalimiň garşysyna Babyl patyşasyny çozdurdy. Babyllylar mukaddes öýünde ýaşlaryny gylyçdan geçirdiler; ýigitlerdir gyzlara, gojalardyr saçy agaranlara olar rehim etmediler. Reb olaryň baryny Babyl patyşasynyň eline berdi.


Aýalyň miweli üzüm agajy deý bolar seniň öýüňde ogullaryň zeýtun nahallary deý – saçagyňyň başynda


Çagalary gözleriniň alnynda parça-parça ediler, öýleri talanar, aýallaryna el urlar.


Bularyň ikisi-de bir günde, duýdansyz başyňa geler: perzentleriňden aýrylarsyň, dul galarsyň. Gözbagçylar köpem bolsa, jadygöýleriň bolam bolsa, bularyň bary başyňa geler.


Oklary ýitidir, ýaýlary-da dartylandyr, atlarynyň toýnaklary çakmakdaşa meňzeýär, arabalarynyň tigirleri tüweleýe.


Munuň üçin çagalaryny açlyga ber, kesgir gylyja tabşyr. Aýallary perzentsiz dul galsyn, erkeklerini ajal alsyn, ýaş ýigitleri söweşde gylyçdan ölsün.


Olaryň sagdagy açyk gabyr ýalydyr, barysy batyr söweşijilerdir.


Munuň üçin onuň ýaş ýigitleri meýdançalarda heläk bolar, ähli urşujylary ol gün dymdyrylar. Muny Reb aýdýandyr.


Olar ýaýdyr naýza bilen ýaraglanan, özleri hem rehimsiz hem zalymdyrlar. Olar atlara atlanan, sesleri deňiz ýaly güwleýär. Olar bir adam ýaly söweşe taýýar bolup, seniň garşyňa nyzama durdular, eý, Babyl gyzy!


Seniň bilen erkekleri hem aýallary, garrylardyr ýaşlary, oglanlardyr gyzlary gyraryn.


Olar ýaýdyr naýza bilen ýaraglanan, özleri-de rehimsiz hem zalymdyrlar. Sesleri deňiz ýaly güwwüldeýär. Eý, Sion gyzy! Olar atlara atlanyp, bir adam ýaly söweşe taýýarlanyp, seniň garşyňa nyzama durdular».


Munuň üçin Meniň hem gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez, eden işlerini öz başlaryndan indererin» diýdi.


Ikinji bir jandar peýda boldy. Ol aýa meňzeýärdi. Ol bir gapdalyna dikeldi. Onuň agzyndaky dişleriniň arasynda üç sany gapyrga süňki bardy. Oňa: „Hany, tur, köp et iý!“ diýdiler.


Eý, Ninewe, ýumrujy garşyňa çykdy, galalaryňy gora, ýoly garawulla. Biliňi berk guşap, bar güýjüňi jemle.


Emma şonda-da No-Amon halky tutulyp sürgün edildi, çagalary her köçäniň başynda daşa urlup öldürildi. Onuň emeldarlary üçin bije atyldy, beýik adamlar zynjyrlandy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ