Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 13:13 - Mukaddes Kitap

13 Şonuň üçin gökleri titrederin, Rebbiň gahar ody lowlaýan güni, Hökmürowan Rebbiň gazabyndan ýer ýüzi lerzana geler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Шонуң үчин гөклери титредерин, Реббиң гахар оды ловлаян гүни, Хөкмүрован Реббиң газабындан ер йүзи лерзана гелер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 13:13
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol ýeri sarsdyryp, Onuň sütünlerini titredýär.


Gökler gözýetiminden onuň çykyşy, beýleki gözýetimine onuň aýlawy, hiç bir zat gizlin däl onuň howrundan.


Şatlyk şowhunyny bilýän halk nähili bagtly! Ýa Reb, olar Seniň ýüzüňiň nurunda gezýär!


Reb ýeri lerzana salmaga galkanda, ynsanlar Onuň howpundan, şan-şöhratyndan, gaýalardaky gowaklara, ýeriň deşiklerine girerler.


Deňiz ýanyndaky çöl hakda pygamberlik: Tüweleýleriň günortadan gelşi deý, basybalyjy-da gorkunç ýurtdan, çölden geler.


Reb deňiz üstüne elini uzadyp, patyşalyklary titretdi; ýok etmegi buýurdy ol Kengan galalaryny.


Ine, Reb ýer ýüzüni weýran edip çolardar, ýeriň ýüzüni tanar ýaly etmez Ol, ilatyny dargadar.


Gorky sesinden gaçan çukura gapgarylar, çukurdan çykan duzaga düşer, gögüň penjireleri açylar, ýeriň binýatlary titrär.


Jaýryk-jaýryk bolar ýer ýüzi, bölek-bölek bolar ol, ýer ýüzi güýçli sarsar.


Gögüň ähli goşunlary çüýrär, asman kagyz kimin düýrlener; ähli asman jisimleri üzüm agajynyň ýapragy dek, injir agajynyň ýapragy dek solarlar.


«Eý, boýy ýeten Babyl gyzy, aşak düş-de, toza çök! Eý, kesetler gyzy, ýerde otur, tagtyň ýokdur! Näzik, mylaýym, diýilmez indi saňa.


Gözleriňizi göklere dikiň, aşaga, ýere serediň; gökler tüsse kimin ýitip gider, ýer ýüzi eşik kimin tozar; onda ýaşaýanlar hem çybyn dek ölerler, emma Men ynsanlary baky halas ederin, olary azat ederin.


Hökmürowan Rebbiň gazabyndan ýurt ýanar, halky ot ýakyp-ýandyrar, hiç kim öz doganyna rehim etmez.


Reb şeýle diýýär: «Men Babylyň, ýagny Lebkamaýyň ilatynyň garşysyna heläkleýji ýel turzaryn.


Eý, ötegçiler, siziň üçin bu hiç zatmy? Ine, halymy görüň, heý-de, meniň başymdan inen gam-gussa ýaly gam-gussa barmy? Reb gazapdan dolup lowlan güni bu hasraty çekdirdi maňa.


Reb gümmürdeýär Siondan hem seslenýär Iýerusalimden. Asman bilen ýer lerzana gelýär. Emma Reb Öz halkyna penadyr, hem ysraýyl halky üçin galadyr.


Şol günleriň muşakgatynyň yz ýany Gün garalar, Aý nuruny saçmaz. Ýyldyzlar gökden gaçar, asman jisimleri lerzana geler.


Asman bilen ýer öter, emma Meniň sözlerim asla ötmez.


Emma Rebbiň güni gijeki ogry kimin geler. Şonda asman uly güpürdi bilen ýiter, asman jisimleri ýanyp dargar, ýer we onda edilen ähli işler äşgär bolar.


Soňra men uly ak tagt we onuň üstünde Oturany gördüm. Ýer, gök Onuň huzuryndan ýitip gitdi, olary soňra tapyp-da bolmady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ