Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 13:10 - Mukaddes Kitap

10 Gökdäki ýyldyzlar, olaryň toplumy yşyk bermezler; Gün dogsa-da garalar, Aý nuruny saçmaz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Гөкдәки йылдызлар, оларың топлумы ышык бермезлер; Гүн догса-да гаралар, Ай нуруны сачмаз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 13:10
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol Güne buýruk berýär – Gün dogmaýar, ýyldyzlary möhürläp, gadagan edýär.


Seniň üçin Gün, yşyk, Aý, ýyldyzlar garalmanka, ýagyşdan soň bulutlar yzyna gaýtmanka, Ony ýatla.


Şol gün Reb gökde gök goşunlaryny, ýerde dünýäniň şalaryny jezalandyrar.


Aýyň ýüzi gyzarar, Gün utanar; Hökmürowan Reb Sion dagynda, Iýerusalimde höküm sürer, Ýaşulularynyň öňünde Öz şöhratyny görkezer.


«Eý, Babyl gyzy, ümsüm otur, tümlüge git! Saňa „patyşalyklaryň melikesi“ diýilmez indi.


Şol gün olar awunyň üstünde deňiz güwwüldisi kimin arlarlar, kim ýurda nazar salsa, ine, garaňkylyk hem hasrat; nur gara bulutlar bilen örtüler.


Göklere gara geýdirýärin, july olaryň örtgüsi edýärin».


Olaryň öňünde ýer endireýär, asman bolsa lerzana gelýär, Günüň, Aýyň ýüzi garalýar, ýyldyzlar hem şöhlesini gizleýär.


Rebbiň beýik we gazaply güni gelmezden ozal, Gün tümlüge, Aý hem gana döner.


Günüň, Aýyň ýüzi garalýar, ýyldyzlar hem şöhlesini saçmaýar.


Rebbiň güni ýagtylyk däl-de, garaňkylyk dälmidir? Ol hiç bir yşyksyz tüm garaňkylyk dälmidir?


Emma Ol Ninewäni daşgyn sil bilen ýok eder, duşmanlaryny garaňkylyga kowalar.


Şol gün yşyk bolmaz, asmandaky yşyk çeşmeleri doňar.


Şol günleriň muşakgatynyň yz ýany Gün garalar, Aý nuruny saçmaz. Ýyldyzlar gökden gaçar, asman jisimleri lerzana geler.


Emma şol günlerde muşakgatlyklardan soňra, Gün garalar, Aý nuruny saçmaz.


Günde, Aýda we ýyldyzlarda alamatlar peýda bolar. Ýer ýüzünde milletler deňiz hem tolkunlaryň gürrüldisi zerarly başagaý bolup, galagopluga düşerler.


Rebbiň beýik we gazaply güni gelmezden ozal, Gün tümlüge, Aý hem gana döner.


Dördünji perişde surnaýyny çaldy. Günüň üçden bir bölegine, Aýyň üçden bir bölegine, ýyldyzlaryň üçden bir bölegine zarba urlup, olaryň üçden bir bölegi garaldy. Netijede, gündiziň we gijäniň üçden bir bölegi ýagtysyz galdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ