Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 13:1 - Mukaddes Kitap

1 Babyl hakda Amozyň ogly Işaýa aýanlyk arkaly gelen pygamberlik:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Бабыл хакда Амозың оглы Ишая аянлык аркалы гелен пыгамберлик:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 13:1
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýehu öz serkerdesi Bidkara şeýle diýdi: «Ony galdyr-da, ýizregelli Nabodyň mellegine taşla. Biz ata atlanyp, seniň bilen bile Ýoramyň kakasy Ahabyň yzyndan gelýärkäk, Rebbiň oňa garşy aýdan sözüni ýadyňa sal:


Ýahuda patyşalary Uzyýanyň, Ýotamyň, Ahazyň we Hizkiýanyň döwründe Amozyň ogly Işaýanyň Ýahuda we Iýerusalim babatda gören görnüşleri.


Hudaý patyşalyklaryň iň gözeli bolan, babyllylaryň buýsanjy bolan şöhratly Babyly ýer bilen ýegsan eder Sodom hem Gomora ýaly.


Ahaz patyşanyň ölen ýyly şu pygamberlik geldi:


Mowap hakyndaky pygamberlik: Hakykatdan Mowabyň Ar şäheri bir gijede harabalyga öwrülýär, Mowap weýran boldy! Hakykatdan Mowabyň Kir şäheri bir gijede harabalyga öwrülýär, Mowap weýran boldy!


Damask baradaky pygamberlik: Ine, Damask indi şäher saýylmaz, ol harabaçylyga öwrüler.


Müsür baradaky pygamberlik: Ine, ýyldam buluda atlanyp, Müsüre gelýär Reb, Müsür butlary titreşerler, müsürlileriň ýürekleri ýarylar huzurynda Onuň.


Şol wagt Reb Amozyň ogly Işaýa: «Git-de, egniňdäki july, aýagyňdaky çarygyňy çykar» diýdi. Işaýa şeýle edip, diňe içki geýiminde aýakýalaň geziberdi.


Arabystan hakyndaky pygamberlik: Eý, dedanlylaryň kerwenleri! Gijäni Arabystan jeňňelinde geçirersiňiz.


Görnüş jülgesi barada pygamberlik: Baryňyz üçeklere çykar ýaly, size näme boldy?


Hökmürowan Reb: «Şol gün ýere gaýym kakylan gazyk ýerinden sogrular; ol çapylyp ýykylar; oňa baglanan çadyr-da ýok bolar» diýýär. Muny Reb aýdýandyr.


Penakäriňiz, Ysraýylyň Mukaddesi Reb şeýle diýýär: «Siziň hatyraňyza Babyla leşger ýollap, ähli babyllylary gaçgaklar hökmünde buýsanýan gämilerinde getirerin.


Babyl patyşasy Nebukadnesar Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýekonýany, Ýahudanyň ýolbaşçylaryny, hünärmentler bilen demirçileri Iýerusalimden Babyla ýesir edip äkitdi. Bu wakadan soň Reb maňa Özüniň ybadathanasynyň öňünde goýlan iki sebet injiri görkezdi.


Mendenem, sendenem öň ýaşap geçen pygamberler köp ýurtlara we beýik patyşalyklara garşy urşy, betbagtlygy, mergini owaldan bäri pygamberlik edipdiler.


Babyl hakda, babyllylaryň ýurdy hakda Rebbiň Ýermeýa pygamberiň üsti bilen aýdan sözi:


Biz käýinç eşidenimizde utandyk. Gelmişekler Rebbiň öýüniň mukaddes ýerlerine girdiler, şonda ýüzümizi ryswalyk örtdi».


Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Bu Iýerusalimdäki hökümdara we onuň içindäki ähli ysraýyl halkyna degişli pygamberlikdir.


PERES patyşalygyň bölünip, madaýlara we parslara berildi».


Patyşanyň ýüzünde reňk-pet galmady, pikirleri ony howsala saldy. Onuň süňňi saňňyldap, dyzlary biri-birine degip sandyrap başlady.


Ninewe şäheri hakyndaky pygamberlik; elkoşly Nahum özüne gelen aýanlygy ýazyp aldy.


Habakuk pygambere aýanlyk arkaly gelen pygamberlik.


Pygamberlik sözi. Bu Rebbiň Ysraýyl hakyndaky sözüdir. Gögi ýaýan, ýeri esaslandyran we ynsan ruhuny ýaradan Reb şeýle diýýär:


Pygamberlik sözi. Bu Rebbiň Hadrak ýurduna degişli sözüdir. Bu söz Damask şäherinde galar. Rebbe degişlidir Siriýa şäherleri we ysraýyl tireleri.


Pygamberlik sözi. Malakynyň üsti bilen Rebbiň ysraýyllara aýdan sözi.


Ýoşyýa Babyl sürgüniniň öňüsyrasynda doglan Ýekonýanyň we onuň doganlarynyň atasydy.


Onuň yzyndan uçup gelýän ikinji perişde şeýle diýýärdi: «Ýykyldy! Beýik Babyl ýykyldy! Öz azgyn hyjuwlarynyň şerabyny ähli milletlere içirdi».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ