Şonuň üçin Gudratygüýçli-Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Eý, Meniň Sionda ýaşaýan halkym! Müsürliler kimin size garşy hasasyny galdyryp, taýak bilen uranda, siz aşurlylardan gorkmaň.
Saňa sütem edýänleriň özlerini özüne iýdirerin, täze şerap içen deý öz ganlaryndan serhoş bolarlar. Onsoň ähli ynsanlar Meniň Rebdigimi, seniň Halasgäriňdigimi, Penakäriňdigimi, Ýakubyň Gudratly Hudaýydygymy bilerler».
Reb: «Şatlan, eý, çaga dogmadyk, önelgesiz, burguda bolmadyk, begençden aýdym aýt! Çünki öň terk edilen aýalyň ogullary ärli aýalyň ogullaryndan köp bolar» diýýär.
Halkym Ysraýylyň içinde mukaddes adymy aýan ederin; mundan beýläk mukaddes adymyň harlanmagyna ýol bermerin; onsoň milletler Ysraýylda mukaddes bolan Meniň Rebdigimi bilerler.
Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Meniň tagtymyň we aýak dabanymyň ýeri, ysraýyl halkynyň arasynda ebedilik oturjak ýerim bu ýerdir. Mundan beýläk ysraýyl halky-da, olaryň patyşalary-da zyna edip, seždegählerinde patyşalarynyň heýkellerini oturtmak bilen Meniň mukaddes adymy haram etmezler.
Ýahuda tiresiniň gündogardan günbatara çenli uzalýan ýerleri sadaka hökmünde Men–Rebbe berler. Onuň ini ýigrimi bäş müň tirsek bolup, uzynlygy gündogardan günbatara çenli paýlanan her bir tiräniň mülküne deň bolsun; mukaddes öý onuň ortasynda bolar.
Gyzgyn gazabymy başyňyza indermerin. Efraýymy ýaňadan weýran etmerin. Çünki Men ynsan däl, Hudaýdyryn. Siziň araňyzda Mukaddes Bolan. Men gazap bilen gelmerin.
Deňiz ýakasynda ýaşaýan Keret halkynyň dat gününe! Eý, Kengan, piliştliler ýurdy, Reb seniň garşyňa şeýle diýýär: «Ýeke kişini-de galdyrman, seni weýran ederin».
Men Ýakuba hiç hili betbagtlyk ýokdugyny, Ysraýylda bela-beteriň bolmajagyny görýärin. Ysraýyl Hudaýy Reb olar bilendir. Olar Ony öz patyşasy hökmünde alkyşlaýarlar.