Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 12:4 - Mukaddes Kitap

4 Şeýle diýersiňiz şol gün: «Rebbe şükür ediň, Onuň adyna öwgüler aýdyň; milletleriň arasynda Onuň işlerini aýan ediň, Adynyň beýikdigini jar ediň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Шейле диерсиңиз шол гүн: «Реббе шүкүр эдиң, Онуң адына өвгүлер айдың; миллетлериң арасында Онуң ишлерини аян эдиң, Адының бейикдигини җар эдиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 12:4
42 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rebbe şükür ediň we Oňa ybadat ediň, halklar arasynda Onuň işlerini jar ediň.


Beýiklik, güýç-gudrat, şöhrat, ýeňiş hem belentlik Seniňkidir, gökdäki hem ýerdäki zatlaryň hemmesi Seniňkidir; patyşalyk hem Seniňkidir, ýa Reb! Sen ählisinden belentsiň.


Onsoň lewiler Ýeşuwa, Kadmyýel, Bany, Haşabneýa, Şerebýa, Hodyýa, Şebanýa we Petahýa dagy şeýle diýdiler: «Ör turuň we ezelden ebedä çenli bolan Hudaýyňyz Rebbi şöhratlandyryň! Ýa Reb, alkyşlardan, öwgülerden üstün bolan şöhratly adyňa alkyş bolsun!»


Rebbe şan-şöhrat bolsun! Şükür ediň, çünki Ol ýagşy, Onuň söýgüsi baky.


Eý, deňiz, näme üçin gaçdyň? Eý, Iordan derýasy, näme üçin tersine akdyň?


Goý, olar Rebbiň adyny şöhratlandyrsyn, çünki diňe Onuň ady beýgeldilendir, Onuň şan-şöhraty ýerden-gökden belentdir.


Birentek öküzler meni gurşady, güýçli Başan öküzleri meni gabady;


Meni kowalaýanlara garşy naýzaly, aýpaltaly çyk. Kalbyma diý: «Halasgäriň – Men».


Men diýdim: «Ýa Reb, maňa merhemet eýle, şypa ber, çünki men günäli Seniň öňüňde».


Ybraýym Hudaýynyň halkyna goşulmak üçin, halklaryň asylzadalary ýygnanyşdylar; çünki tutuş ýeriň şalary Hudaýyňkydyr; Ol belende galdyrylandyr.


Olar alahöwren ýaly zäherlidirler. Olar ökde jadygöýüň ýa-da owsunçynyň jadylaýjy sesini eşitmeýän ker kepjebaş ýaly gulaklaryny dykýarlar.


Meni nähak ýere ýigrenýänleriň sany başymyň saçyndan hem köp; janyma kast etmekçi bolup, ýalan ýere maňa günä ýapýan ýagylarym köp. Men ogurlamadyk zadymy gaýtaraýynmy?


Adyňy bilýänler Saňa bil baglar, çünki, ýa Reb, Sen Özüňi agtarýanlary terk eden dälsiň.


Onuň öňünden ot-alaw ýöreýär, töwerekdäki duşmanlaryny ýandyrýar.


Reb meniň güýjüm hem aýdymym. Ol meniň Halasgärim boldy. Ol meniň Hudaýym, Ony alkyşlaryn. Ol atamyň Hudaýy, Ony beýgelderin.


Reb oňa: «Men siziň öňüňizden bütin şan-şöhratym bilen geçerin we siziň öňüňizde Reb adymy jar ederin. Men islän adamyma merhemet, islän adamyma hem rehim-şepagat ederin.


Şol gün siz, ysraýyllar şeýle diýersiňiz: «Ýa, Reb Saňa şükür ederin, Sen bize gaharlanan hem bolsaň, gaharyň sowuldy, teselli berdiň bize Sen.


Halkyň gedem bakyşlary peseldiler, ynsan tekepbirligi egler, şol gün diňe Reb beýgeldiler.


Ynsan men-menligi, hem gedemligi peseldiler, şol gün diňe Reb beýgeldiler.


Şonuň üçin gündogarda Rebbi öwüň, Ysraýylyň Hudaýy Rebbiň adyny şöhratlandyryň deňiz adalarynda.


Ýa Reb, Sensiň meniň Hudaýym! Seni arşa çykararyn, alkyşa beslärin adyňy, çünki Sen ajaýyp işler etdiň, owaldan karar etdiň, kämil sadyklyk bilen.


Ýa Reb, Hökümleriňiň ýodasynda, biz Saňa intizar, Seniň adyň we ýatlanmagyň ýüregimiziň islegidir.


Beýikdir ýokarda oturan Reb, adalatdan, dogrulykdan doldurýar Ol Siony.


Olar Rebbi şöhratlandyryp, adalarda Oňa öwgüler aýtsynlar.


Babyldan çykyň, kesetlerden gaçyň, muny şatlykly owaz bilen aýan ediň, jar ediň, aňry çetine ýetsin zeminiň; «Reb bendesi Ýakuby azat etdi!» diýiň.


Men olaryň arasynda bir alamat görkezerin. Olaryň arasyndan gaçyp gutulanlary milletleriň arasyna, Tarşyşa, Pula, ýaýçy Luda, Tubala, Ýawana, Men barada eşitmedik, şöhratymy görmedik uzakdaky adalara ýollaryn. Olar Meniň şöhratymy milletleriň arasynda yglan ederler.


«Milletler arasynda yglan ediň, olara eşitdiriň, bir baýdak dikiň. Hiç zady gizlemän, şuny jar ediň: „Babyl basylyp alyndy, Bel hudaýy utanja galdy, Merodak hudaýy bölek-bölek edildi. Onuň heýkelleri masgara boldy, nejis butlary parçalandy“.


Gündogardan günbatara çenli milletler arasynda Meniň adym beýik bolar! Ähli ýerde Meniň adyma ýakymly ysly tütetgi ýakylyp, päk sadakalar hödürlener. Çünki milletler arasynda Meniň adym beýik bolar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Maňa bolan söýgiň olarda-da bolsun, Men hem olarda bolaýyn diýip, Seniň adyňy olara tanatdym we tanatmagy dowam ederin».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ