Çünki Meniň halkym iki sany pis iş etdi: akar suwlaryň gözbaşy bolan Meni terk etdiler, özlerine howdanlar, gyrasy çat açan, suw saklamaýan howdanlar gazdylar.
Bu şeýle bolar: derýanyň akyp baran ýerlerinde dürli-dümen suw jandarlarynyň ählisi diri galar. Ol ýerde balyk köp bolar, bu suwlar ol ýere akyp barar. Olar tämizlenip, derýanyň akyp baran ýerindäkileriň bary diri galar.
Mukaddes Ruh we Gelinlik «Gel!» diýýärler. Eşidýän her kes hem «Gel!» diýsin. Suwsan gelsin. Kim öz teşneligini gandyrmak islese, goý, ýaşaýyş suwundan mugt içsin!
Onsoň Hanna Rebbe dileg etdi: «Reb kalbymy şatlyga besledi, Reb bilime kuwwat berdi. Seniň halas edeniň üçin, men şadyýan! Duşmanlarymyň üstünden gülýän.