Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 11:15 - Mukaddes Kitap

15 Müsür deňziniň aýlagyny bütinleý guradar Reb, güýçli ýeli bilen elini Ýewfrat derýasyna galgadar, ýedi çeşmä böler ony, çarykly geçerler adamlar ondan.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Мүсүр деңзиниң айлагыны бүтинлей гурадар Реб, гүйчли ели билен элини Евфрат дерясына галгадар, еди чешмә бөлер оны, чарыклы гечерлер адамлар ондан.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 11:15
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra Musa elindäki hasasyny deňze ýetirdi. Reb bolsa şol bütin gije güýçli gündogar ýeli bilen deňziň suwuny kowdy. Deňiz gury ýere öwrülip, suw ikä bölündi.


Ysraýyllar hem deňziň ortasyndaky şol gury ýer bilen geçdiler, suw sag tarapdan we çep tarapdan olara diwar bolup durdy.


Emma ysraýyllar deňizden gury ýer bilen geçdiler, suw olara sag we çep tarapdan diwar bolup durdy.


Şol gün müsürliler aýal ýaly bolup, Hökmürowan Rebbiň özlerine garşy el galdyrar gorkusyndan ýaňa titreşerler.


Deňizden ýol, çuň suwlardan ýoda açýar Reb, söweş arabalary, atlary, goşunlary söweşijileri bilen çykarýar Ol; olar ýykylyp, galyp bilmeýärler, öçürilýärler, pelteler dek söndürilýärler. Bulary edýän Reb şeýle diýýär:


çuňluga: „Gura, derýalaryňy guradaryn“ diýýän,


Näme üçin gelenimde, hiç kim ýokdy? Näme üçin çagyranymda, hiç kim jogap bermedi? Sizi azat etmäge gysgamy golum? Ýa sizi halas etmäge Mende güýç ýokmy? Öz käýinjim bilen deňzi guradýaryn, derýalary çöle öwürýärin; balyklar suwsuzlykdan porsaýarlar, teşnelikden ölýärler.


Rebbiň azat edenleri dolanarlar, aýdym aýdyp, Siona gelerler, başlarynda ebedi şatlyk bolar, begenç hem şatlyk taparlar olar, gam-gussa hem nala ýok bolar.


Gudratly goluny Musanyň sagynda ýöreden, Özüne ebedi at edinmek üçin öňlerindäki suwy bölen nirede?


Şol gün Reb Ýewfrat derýasynyň aňyrsyndan kireýine alnan päki bilen, ýagny Aşur patyşasy bilen saçyňyzy, aýaklaryňyzyň tüýlerini we sakgalyňyzy syrar.


Şonuň üçin Reb Ýewfrat derýasynyň güýçli sil suwlaryny, Aşur patyşasyny we onuň şöhratyny bu halkyň üstüne getirer. Ol onuň ähli jarlaryndan aşyp, bütin kenarlaryna dolar.


Şonuň üçin hem Men saňa we seniň derýalaryňa garşydyryn; Men Migdoldan Sewene çenli, Efiopiýanyň serhedine çenli Müsür ýurduny bütinleý çöllüge we harabaçylyga öwrerin.


Men derýalary guradaryn, ýurdy ýaramaz adamlara sataryn; ýurdy we onuň içindäkileriň baryny gelmişekleriň eli bilen weýran ederin. Muny Men-Reb aýtdym».


Reb jebir deňzinden geçirer, deňiz tolkunlaryny köşeşdirer. Niliň düýpsüz çuňluklary gurar, Aşuryň tekepbirligi çöker, Müsüriň şalyk hasasy elinden gider.


Altynjy perişde käsesini beýik Ýewfrat derýasyna dökdi. Gündogardan gelýän patyşalaryň ýolunyň açylmagy üçin, derýanyň suwy gurady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ