Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 11:1 - Mukaddes Kitap

1 Ýyşaýyň kötüginden bir pudak çykar, kökünden gögeren Şaha miwe berer.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Йышайың көтүгинден бир пудак чыкар, көкүнден гөгерен Шаха миве берер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 11:1
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ysraýyl Hudaýy gepledi, Ysraýylyň Gaýasy maňa şeýle diýdi: „Halka adalatly häkimlik eden, Hudaýdan gorkup, halka baştutanlyk eden,


Şol gün Ýyşaýyň köki halklara nyşan bolar; milletler Oňa ýüz tutarlar, Onuň mesgeni şöhratly bolar.


Şol gün Rebbiň şahasy gözel, şöhratly bolar; ýurduň miwesi Ysraýylyň aman galanlaryna buýsanç hem abraý bolar.


Ol Rebbiň öňünde näzik maýsa dek, gury ýerdäki kök deý ösdi; biziň oňa serederimiz ýaly, onda ne şekil, ne syrat bardy, arzuwlarymyz ýaly keşp ýokdy.


halkyň ondan biri galsa-da, ýurt ýene-de ýakylar. Emma dagdan ýa-da dub çapylanda kökleriniň galyşy kimin, mukaddes nesil-de ýurtda kök kimin bolar».


Biziň üçin bir çaga doguldy, bir ogul berildi bize, hökümdarlyk onuň gerşinde bolar; Onuň ady Ajaýyp Maslahatçy, Gudratly Hudaý, Ebedi Ata, Parahatlyk Şazadasy bolar.


Hökümdarlygy dynuwsyz öser, parahatçylygy tükeniksiz bolar. Dawudyň tagtyndan baky berkarar eder öz patyşalygyny. Patyşalygy adalatlylyk hem dogrulyk bilen goldar. Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar bu.


Ine, Meniň Dawudyň neslinden bir dogruçyl Şaha çykarjak günlerim gelýär; muny Reb aýdýandyr. Ol şa tagtyna çykyp, paýhasly höküm sürer, ýurtda adalat we dogruçyllyk bilen hereket eder.


Şol günlerde, şol wagtda Men Dawudyň neslinden bir dogruçyl Şaha çykararyn. Ol ýurtda adalaty hem dogruçyllygy berjaý eder.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Kedr agajynyň depesinden bir şahajyk alyp oturdaryn. Şahasyndan bir ýaş baldak ýolup, belent dagyň depesinde ekerin.


Olar gulum Ýakuba beren ýurdumda, ýagny siziň ata-babalaryňyzyň mesgen tutan ýurdunda ýaşarlar; özleri we çagalary, çagalarynyň çagalary ebedilik ol ýerde mesgen tutarlar, gulum Dawut ebedilik olaryň hökümdary bolar.


Emma sen, eý, Beýtullaham-Efrat, Ýahuda uruglarynyň kiçisi bolsaň-da, senden çykar Ysraýylda Meniň üçin hökümdarlyk etjek, onuň asly owaldan, gadymdan bäri bardyr.


Indi gulak salyň, eý, baş ruhany Ýeşuwa, sen we öň ýanyňda oturan ruhanylar – siziň hemmäňiz geljekde boljak işleriň alamatysyňyz. Men Şaha diýen gulumy orta çykarjakdyryn.


Hökmürowan Reb şuny jar edýär diý: „Ine, Şaha diýen adam. Ol öz ornundan şahalar çykarar we Rebbe ybadathana gurar.


Ybraýymyň we Dawudyň neslinden bolan Isa Mesihiň nesil daragtynyň ýazgysy, ine, şeýledir:


Işaýa pygamberiň kitabynda hem şeýle ýazylgydyr: «Ýyşaýyň Köki peýda bolar, Ol halklara Hökümdar bolar, milletler Oňa umyt baglar».


Rebbimiz Isanyň ýahuda tiresindendigi hemmelere mälimdir we Musa bu tireden ruhanylaryň bolandygy barada hiç bir söz aýtmandyr.


«Men, Isa Mesih, bu pygamberligi imanlylar ýygnagyna ýetirmek üçin Öz perişdämi size ýolladym. Men Dawudyň kökünden, ýagny onuň neslinden bolan parlak daň ýyldyzydyryn!»


Şonda ýaşulularyň biri maňa şeýle diýdi: «Aglama! Ine, Ýahuda tiresinden, Dawudyň kökünden bolan Arslan üstün çykdy. Ol ýedi möhür bilen möhürlenen düýrlenen kagyzy açmagy başarar».


Goňşy aýallar çaga at goýup: «Nagomy üçin bir ogul doguldy» diýişdiler. Ony Obet diýip atlandyrdylar. Obet Dawudyň kakasy Ýyşaýyň kakasydyr.


Şawul ondan: «Ýigit, sen kimiň ogly bolarsyň?» diýip sorady. Dawut: «Seniň beýtullahamly hyzmatkäriň Ýyşaýyň ogly men» diýip jogap berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ