Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 10:6 - Mukaddes Kitap

6 Ony hudaýsyz milletiň garşysyna, gazaplanan halkymyň garşysyna iberýärin, oňa talamagy, talanyny olja almagy, olary köçeleriň palçygy kimin aýak astyna almagy buýurdym.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Оны худайсыз миллетиң гаршысына, газапланан халкымың гаршысына иберйәрин, оңа таламагы, таланыны олҗа алмагы, олары көчелериң палчыгы кимин аяк астына алмагы буюрдым.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 10:6
38 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olary tozan dek edip ýençdim, köçeleriň palçygy kimin mynjyratdym.


Munuň üstesine-de, siz meni Rebden rugsatsyz bu ýurdy weýran etmäge gelendir öýdýärsiňizmi? Reb maňa şu ýurduň üstüne çoz-da, ony derbi-dagyn et diýdi».


Ýahuda ýurdy müsürlilere howp salar. Ýanynda Ýahudanyň ady agzalan her kes Hökmürowan Rebbiň Müsüre garşy taýynlaýan kararyndan gorkar.


Görnüş jülgesinde Gudratygüýçli–Hökmürowan Rebbiň howsalaly, tabyn edýän, aljyraňňy güni bolar. Diwarlar ýykylar bu gün, daglara perýat ediler.


Ilatlar harama çykardy dünýäni, olar kanunlardan çykdylar, parzlary saklamadylar, ebedi ähti bozdular.


Reb şeýle diýýär: «Bu halk Maňa ýakynlaşyp, dili, dodaklary bilen Meni hormatlaýar, ýöne ýürekleri Menden uzakdadyr. Ynsan buýruklaryna görä Maňa ybadat edýärler olar.


Akmak biedeplik bilen gepleýär, onuň niýeti pislik etmekdir, işi ýamanlyk etmek, Rebbe dil ýetirmek, açlary aç, suwsuzlary suwsuz goýmakdyr.


Özi weýran edilmän, weýran edýäniň, özüne dönüklik edilmän, dönüklik edýäniň dat gününe! Weýran edeniňden soň, özüňi-de weýran ederler; dönüklik etmegi bes edeniňde, saňa-da dönüklik ediler.


Siondaky günäkärler dowla düşüp, hudaýsyzlar lerzana geldi: «Haýsymyz ýalmaýan oduň başynda ornaşyp bileris?»


Men demirgazykdan birini öjükdirdim, ol gelýär, gündogardan adymy tutup çagyrýan biri. Ol küýzegäriň toýny depeleýşi kimin hökümdarlary palçyk kimin depelär.


Ogullaryň howlugyşyp gelerler, seni weýran edenler çykyp giderler.


Emma Reb şeýle diýýär: «Hawa, güýçliniň ýesirleri yzyna alnar, zalymyň oljasy elinden azat ediler; Men saňa garşy durana garşy durup, çagalaryňy halas ederin.


Munuň üçin Rebbiň gazaby Öz halkyna garşy lowlaýar, elini olara garşy uzadyp, jeza berýär; daglar titreşýär, maslyklary zibil kimin köçelerde ýatyr, Şonda-da Onuň gazaby köşeşmändi, eli entek hem jeza bermäge taýyn.


Arryldylary arslanyňky deý, ýaş şirler kimin arlaýarlar; arlap, awuny tutýarlar, ony alyp gidýärler, halas etjek ýok.


Indi Men size üzümçiligime näme etjekdigimi aýdaryn. Men onuň haýadyny aýraryn, ol weýran ediler; onuň diwaryny ýykaryn, ony basgylap zaýalarlar.


«Üzümi ýeke sykdym, ýanymda halklardan hiç kim ýokdy; gaharlykam sykdym üzümi, gazaplykam aýak astyna aldym; onuň gany eşiklerime syçrady, bar lybasymy hapalady.


Gaharyma halklary aýak astyna aldym, gazabyma olary serhoş etdim, ganlaryny ýere dökdüm».


Reb seniň, halkyňyň we ata-babalaryň nesilleriniň başlaryna Efraýymyň Ýahudadan bölünip aýrylan gününden bäri görülmedik günleri getirer; Aşur patyşasyny getirer».


Çaga „kaka“, „eje“ diýmegi öwrenmezden öň, Damaskyň we Samariýanyň baýlygyny Aşur patyşasy olja alar» diýdi.


Ol joşup, Ýahuda geçer we ony-da basar; ýurduň bogazyna ýeter. Ýaýylan ganatlarynyň gerimi ýurduň ähli çäklerine ýeter, eý, Imanuwel».


Munuň üçin Reb olaryň ýaşlaryna guwanmaz, rehim etmez ýetimine, dul hatynyna, çünki her kes hudaýsyz hem pis, hemmäniň agzyndan akmak söz çykýar. Bulara garamazdan, Rebbiň gazaby sönmändi, eli şindi jeza bermäge taýyn.


Hökmürowan Rebbiň gazabyndan ýurt ýanar, halky ot ýakyp-ýandyrar, hiç kim öz doganyna rehim etmez.


Men-de bütin demirgazyk tireleri bilen Babyl patyşasy bolan bendäm Nebukadnesary çagyraryn. Muny Reb aýdýandyr. Olary bu ýurduň, onuň ilatynyň, daş-töwerekdäki ähli milletleriň üstüne alyp gelerin. Bu halklary bütinleý ýok edip, bu ýurdy howpa, ryswaçylyga we ebedilik harabaçylyga öwrerin.


Bu ähli zatlara garamazdan, onuň haýyn uýasy Ýahuda Maňa çyn ýürekden däl-de, ýalandan dolandy». Muny Reb aýdýandyr.


Men buýruk berip, babyllylary bu şähere gaýtaryp getirerin. Olar şähere garşy hüjüm edip, ony basyp alarlar we oda ýakarlar. Men Ýahuda şäherlerini ilatsyz harabaçylyga öwrerin“. Muny Reb aýdýandyr».


Ýüregiňi tämizläp päkle pislikden, eý, Iýerusalim, halas bolarsyň şonda. Erbet niýetleriňi ýene näçe wagt saklajak içiňde?


Men onuň garşysyna çeken zähmeti üçin Müsür ýurduny oňa berdim, sebäbi olar Meniň üçin işlediler. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Sen öň weýran edilen, emma indi ilatly bolan şäherlerde ýaşaýan bu halky talap, olja alarsyň. Milletleriň arasyndan yzyna ýygnalyp, çarwaçylyk hem söwda bilen meşgullanýan, dünýäniň ortasynda ýaşaýan bu halka garşy eliňi uzadarsyň.


Şeba, Dedan, Tarşyş söwdagärleri we onuň ähli ýolbaşçylary senden: „Talamaga geldiň dälmi? Jemagatyňy olja almak, altyn-kümüş äkitmek, emläk we köp olja edinmek üçin ýygnadyňmy?“ diýip sorarlar».


«Hany, Hudaýyň Reb nirede?» diýen duşmanym muny görer, ol utanja galar. Duşmanymyň ýykylyşyny öz gözlerim bilen görerin. Köçeleriň palçygy dek, aýak astynda basgylanar ol.


Owaldan bar bolan Sen dälmi, ýa Reb?! Mukaddes Hudaýym biz ölmeris! Eý, Reb, babyllylary bize höküm etsin diýip saýladyň, eý, Gaýam, olary bize jeza bersin diýip bellediň.


Söweş esgerleri deý bolar olar, depelärler duşmany köçeleriň palçygynda. Rebbiň özleri bilendigi üçin söweşip, olar atly goşuny uýada goýarlar.


Eý, ikiýüzlüler, Işaýa pygamber siz hakda jaýdar pygamberlik edipdir! Onda şeýle ýazylan:


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ